Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny we olaryň bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaga, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmaga, halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berler. Taýýarlanylan iş meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňünde elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň öňünde bolsa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly sergileri we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmek wezipeleri goýuldy. Şunuň bilen bir hatarda, hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň milli ykdysadyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygynyň we eksportyň möçberini artdyrmak, Döwlet býujetini üstünlikli ýerine ýetirmek bilen bagly çäreler durmuşa geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde wajyp orny eýeleýändigini belledi we wise-premýere söwda toplumyna degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.