Türkmenistanyň esasy futbol toparlaryndan biri «Altyn asyr» resmi web-saýtyny işe girizdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, ol altynasyrfk.com saýtynda elýeterlidir.
Futbol toparynyň taryhyndan gyzykly köp maglumatly, şeýle hem toparyň düzümi – oýunçylardan tälimçiler we dolandyryjylar toparyna çenli tanyşdyrýan web-saýt «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda döredildi.
«Altyn asyr» futbol topary 2008-nji ýyldan bäri milli çempionatda çykyş edip gelýär, 2014–2021-nji ýyllar aralygynda bassyr sekiz gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. 2018-nji ýylda bu topar türkmen toparlarynyň arasynda ilkinji bolup AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşyň finalyna çykyp, aýgytlaýjy oýunda Yragyň «Air Force Club» futbol toparyndan 0:2 hasabynda utuldy.
Geçen ýyl «Altyn asyr» Aziýada ikinji derejeli topar futbol Kubogy ugrunda ýaryşyň «E» toparçasynda «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan Respublikasy), «Rawşan» (Täjigistan) we «Merw» (Türkmenistan) toparlary bilen bäsleşip, ikinji ýeri eýeledi.
Türkmenistanda täze futbol möwsüminden öň «Altyn asyr» 2021-nji ýylda gazanan çempionlygyny gaýtaryp almagy maksat edinýär. Bu maksat bilen 1-nji ýanwarda açylan transferde tälimçiler topary iki goragçy bilen güýçlendirdi. «Ahaldan» Şöhrat Söýünow we Balkanabadyň «Nebitçiden» Döwlet Mirsoltanow topara gaýdyp geldiler.
Geçen möwsümde Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynda dokuz toparyň arasynda ikinji orna mynasyp boldy.