Ï Gurluşyk önümleriniň öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurluşyk önümleriniň öndürilişi artýar

view-icon 6038
Gurluşyk önümleriniň öndürilişi artýar

Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan gurluşyk işleriniň has-da ilerlemeginde ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalar möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Köýtendag kän müdirligidir. Bu kärhana öndürýän önümleri bilen diňe bir Lebap welaýatynda däl, eýsem, tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyk işlerine hem saldamly goşandy bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljegi uly bolan baý çig mal goruny özleşdirmeklige mümkinçilik berjek köpugurly senagat merkezi döredilýär.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Köýtendag kän müdirligi hem aýratyn orna eýedir. Kärhanada gurluşyk işleri üçin wajyp ähmiýete eýe bolan gurluşyk çagyllary, ýuwlan çäge we çagyl-çäge garyndysy ýaly magdan däl gurluşyk önümleri öndürilýär. Önümçilige yzygiderli täze kuwwatly enjamlaryň ornaşdyrylmagy we ýük awtoulaglarynyň sanynyň artdyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär. Hut ýaňy-ýakynda hem müdirlige Hytaý Halk Respublikasyndan XCMG ZL50GN kysymly ýük göterijileriň 3-si gelip gowuşdy. Bu tehnikalaryň ýük göterijiligi 5 tonna, susgujynyň göwrümi hem 3 metr kuba barabardyr.

Täze tehnikalar kärhanada zähmet öndürijiligini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Kärhanada hünärmenler we işçiler tarapyndan kuwwatly tehnikalara, döwrebap tehnologik ulgamlara ussatlyk bilen erk edilýär we olar netijeli işledilýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal müdirlige degişli bolan 310 gektar karýer hojalygyndan alynýar. Onuň kärhana ýakyn ýerde ýerleşmegi bolsa, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem önümiň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna şert döredýär.

Tejribeli hünärmenleriň yhlasy bilen önümçilikde çig malyň gelip gowuşmagyndan başlap, taýýar önümiň çykyşyna çenli tutuş tehnologik işler dolulygyna awtomatlaşdyrylan enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa, öndürilýän gurluşyk materiallarynyň tehnologik talaplara laýyklygyny we ýokary hil derejesini üpjün edýär. Tamamlanan ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda müdirlik tarapyndan magdan däl önümleriň 600 müň 700 metr kubdan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Şol sanda, ýylyň dowamynda çagyl daşynyň 224 müň 460 metr kuby, ýuwlan çägäniň 294 müň 130 metr kuby, but daşlarynyň hem 82 müň 130 metr kuby öndürildi.

Kärhananyň taýýar önümleri sebitde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyklara bada-bat ugradylýar. Bu bolsa, müdirlikde taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär.