Ï Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi açyldy

view-icon 7848
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär.

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde bu baýramçylyk mynasybetli ilkinji gezek sergä gelenleriň Türkmenistanyň Döwlet serhet institutynyň harby talyplarydygy bellärliklidir.

Türkmenistan parahatçylygy söýýän ýurt we Watan goragynyň köp bölegi Watanymyzyň serhetlerini goraýan serhetçilere ynanylýar. Şonuň üçin sergini Artur Abramowyň «Serhetçi we it» atly kiçijik heýkeli bilen açyldy.

Stanislaw Babikowyň çeken suratynda serhet goraýjylarynyň döwlet serhedine gündelik gözegçilik edýändigi görkezilýär. Atly serhetçiler dag ýollaryndan geçip, serhediň eldegrilmesizligine hünär taýdan baha berýärler.

Bu suratyň post-impressionizm stilinde ýerine ýetirilendigi aýratyn häsiýetlidir. S.Babikowyň durmuşymyzda haýsydyr bir hadysany öz görnüşinde görmegi häsiýetli boldy, şonuň üçin bu suratkeşiň suratlary sungaty söýüjileriň we hünärmenleriň ünsüni hemişe özüne çekýär.

Ýakup Annanurowyň «Serhetçiniň maşgalasy» atly suraty hem görkezildi. Surat güýçli, dostlukly maşgalanyň maşgala bagtyny görkezýär – bu şeýle ygtybarly, serhetçilere söýgüli maşgalasynyň bir bölegi bolan Watany goramaga kömek edýär. Sergide görkezilen beýleki eserler duşmanlara garşy hüjüm edýän gahrymanlara bagyşlanýar.

Heýkeltaraş Alekseý Şetininiň eserindäki gahrymanyndan «Ura!» çagyryşy eşidilýär, ol öz mysaly bilen beýleki esgerlere görelde bolup, duşmana garşy ylgaýar. Bu awtoryň başga bir eseri «Ýeňiş» atly heýkeldir. Suratkeş köpden bäri garaşylan ýeňşi garşylaýan bir söweşijini suratlandyrypdyr. «Ýeňijiler» atly haýran galdyryjy heýkel kompozisiýany Welmyrat Jumaýew görkezdi.

Welmyrat öz eserinde ýeňijiler diňe bir söweş meýdanynda batyrgaý söweşýän söweşijiler bolman, eýsem, dört ýyl bäri ýanýoldaşlaryna we atalaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýan maşgalalarydygyny görkezipdir. Gahryman kakasyna buýsanýan we häzirki wagtda her gün ýanynda boljakdygyna begenýän esgeriň gyzy kompozisiýada aýratyn orny tutýar.

Gulnazar Begmyradowyň «Eje, Ýeňiş bilen gaýdyp geldik!» atly suratyny «Gürleýän» diýip atlandyryp bolar. Iki ogly obalaryna döşleri ordenli gaýdyp gelýärler. Eneleri, guş ýaly ganatlaryny olara uzadýar, bary-ýogy bir sekuntda balalaryny bagryna basýar.

Suratkeş tarapyndan düşürilen pursat, adamyň başdan geçirip biljek iň uly bagtydyr. Meniň pikirimçe, bu Watan goragçylaryň güni temasyndaky iň oňat suratlaryň biridir.