Ï Bagşy gyzlaryň topary milli dutarçylar mekdebiniň däplerini dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagşy gyzlaryň topary milli dutarçylar mekdebiniň däplerini dowam edýär

view-icon 4772
Bagşy gyzlaryň topary milli dutarçylar mekdebiniň däplerini dowam edýär

Türkmen halk aýdym-sazlary äleminde ýerine ýetirijilik zehini we dutar çalmakda ussat zenan bagşylar az däldir. Dessan ýerine ýetiriji ilkinji zenan bagşylar – Akjagül Myradowany hem-de Nabat Nurmuhammedowany ýatlap geçmek ýa-da dutar çalmak ýaryşynda hut Kör Gojalynyň özünden üstün çykan Heleý bagşy baradaky rowaýat hakynda gürrüň berýän has gadymy çeşmelere ýüzlenmek ýeterlikdir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda milli dutarçylar mekdebiniň hem-de bagşylaryň iň oňat däplerini dowam etdirijileriň täze nesli kemala geldi. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazlary fakulteti halk sazlary sungatynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. 2023-nji ýylyň sentýabrynda döredijilik ugurly ýokary okuw mekdebiniň başlangyjy bilen ajaýyp we zehinli bagşy gelin-gyzlardan ybarat bolan täze aýdym-saz topary döredildi.

Bu topara Nabat Nurmuhammedowanyň döredijilik ýoluny dowam edýän, Türkmenistanyň halk artisti, bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Hojaýewa ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň ýakynda döredilendigine garamazdan, gelin-gyzlar toparynyň döredijilik ýoly milli telewideniýäniň ýaýlymynda ilkinji gezek görkezilen çykyşlary arkaly özüne çekiji ajaýyp öwüşginler bilen başlandy.

– Biziň toparymyz konserwatoriýanyň talyplary bolup durýan 20 gyzdan ybarat – diýip, Şemşat Hojaýewa gürrüň berýär. – Toparyň aýratyn özboluşlylygy oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleriniň gatnaşýanlygyndadyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň her welaýaty halk aýdymyny ýerine ýetirmekde öz usuly bilen şöhratlanýar. Gyzlar öz aralarynda işjeň gatnaşýarlar, dutarçylar mekdebiniň dürli usullarynda sazlary çalmagy öwrenip, birek-birekden ahal ýoly, salyr-saryk, damana ýoly, ýomut-gökleň ýoly we beýlekiler ýaly ýerine ýetirijilik ugurlaryny özleşdirýärler.

Toparyň agzalary Täzegül Atajanowa, Dünýä Gutlyýewa, Jemal Saparowa «Ýaňlan, Diýarym!» we «Çalsana, bagşy!» atly aýdym-sazly bäsleşikleriň baýrak eýeleridir. Şeýle hem toparda aýdym-saz we bagşyçylyk neberelerini dowam edýän gelin-gyzlar bar. 

Tejribeli halypalardan we sahna ussatlaryndan hünär öwrenmek zerur ukyplary ele almaga ýardam edýär. Çünki dutar çalmak we aýdym aýtmak sungatyny – bagşyçylygy özleşdirmekde «dilden dile» geçirmek ýörelgesi uly orun eýeleýär. Ýerine ýetirijilik ussatlygynyň hemme syrlaryny kitaplardan öwrenmek mümkin däl. Şoňa görä-de, özleriniň esasy saz guraly hökmünde dutary saýlap alan talyplar hökman halypa-mugallymlaryň elinde taplanýarlar. 

– Ýakynda täze Arkadag şäherinde bolup geçen hem-de täze «Arkadag» teleýaýlymynda görkezilen köpçülige niýetlenilen ilkinji çykyşymyz üçin biz 23 eser taýýarladyk. Olaryň köpüsi beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen eserlerdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyz nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýär. Şoňa görä-de, onuň ajaýyp şahyrana mirasyna belent sarpa goýýanlary begendirmek üçin şeýle maksatnama bilen çykyş etmek bize aýratyn hormat boldy. 

Türkmenlerde uzak ýola gidiljek bolnanda ýa-da döredijilik ýolunda üstünlikler arzuw edilende «Ýoluňyz ak bolsun!» diýilýär. Munuň üstüne söz goşjak bolsaň, tomaşaçylaryň gelin-gyzlardan ybarat bagşylar toparynyň täze çykyşlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtmak galýar.