Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Balkan welaýatynyň merkezindäki köpugurly sport toplumynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda guralan bu ýaryşa zehinli türgenler gatnaşdylar.
Çekeleşikli geçen ýaryşlarda 17 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabat şäherinden Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardylar. Şeýle-de şu ýaşdakylardan rapira boýunça geçen ýaryşda Balkan welaýatynyň ezber türgenleri ýeňiş gazandylar. Bu ýaryşda oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa öňe saýlandylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow we Ýelizaweta Wodopýanowa altyn medallara mynasyp boldular.
Balkanabat şäherinde dört günläp dowam eden gyzykly ýaryşlaryň dowamynda şpaga boýunça ýaryşda oglanlaryň arasynda paýtagtymyzdan Şageldi Haýydow, gyzlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Darýa Şewçenko birinji orunlary eýelediler. Balkanly türgenler Dawut Mämmetnurow, Çynar Goşungeldiýewa hem rapira boýunça geçirilen ýaryşda altyn medallary eýelediler. Ýene-de Balkan welaýatyndan Dawid Kuwadow we Mary welaýatyndan Ýelizaweta Wodopýanowa gylyç görnüşinde guralan çekeleşikli ýaryşda öňe saýlanyp, altyn medallary gazandylar.
Ýurdumyzyň birinjiliginde gylyçlaşmak boýunça toparlaýyn birinji orna medallaryň iň köpüsini gazanmagy başaran Balkan welaýatynyň topary düşdi. Ikinji, üçünji orunlary hem degişlilikde Mary welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary eýelediler. Ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlarydyr medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti tarapyndan sowgatlar berildi.