Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenen “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny öwrenmegiň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň, has ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleridigini belledi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Täze önümler ýurdumyzda bu ugurda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.