«Arkadag» toparynyň futbolçylary şu gün Türkiýäniň Antalýa şäherine okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna ugradylar. 4-nji martda başlanýan 2024-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Wladimir Baýramowyň şägirtleri Türkiýede birnäçe barlag oýunlaryny geçirerler.
Olaryň biri 10-njy fewralda Ukrainanyň çempionatynyň güýzki tapgyrynyň öňde baryjy topary «Kriwbassdan» diňe goşmaça görkezijiler babatda yza galyp, ikinji orunda tamamlan «Dnepr-1» topary bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçylary bolan «Arkadag» futbol klubynyň 2023-nji ýylyň aprelinde döredilendigini we eýýäm milli çempionatda ilkinji gezek ýeňiji bolandygyny, ýurdumyzyň Kubogyny eýeländigini ýatladýarys. Türkmenistanyň çempionatynda döwlet derejeli şäheriň adybir topary 24 resmi oýnuň hemmesinde ýeňiş gazandy we ähmiýeti boýunça ikinji derejeli ýaryşyň – ýurdumyzyň Kubogy ugrunda soňky oýunda Kubogyň öňki eýesi, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýaryşyna iki gezek gatnaşan «Ahaly» 3:0 hasabynda utdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» toparyny bu üstünlik bilen gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem «Arkadag» futbol klubunyň üstünligine ýokary baha berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň buýrugyna laýyklykda topar MAN RR3 19.440 EEV awtobusy bilen sylaglandy.