FAO/GEF-iň «Merkezi Aziýada we Türkiýede guraklaşýan hem şorlaşýan oba hojalygy meýdanlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak (CACILM-2/ISSAUZR-2)» atly sebitleýin taslamasynyň çäginde tebigy baýlyklara täsirli çemeleşmegi we howa şertlerine iň uýgun oba hojalyk tehnologiýalaryna geçişi üpjün edýän enjamlar getirilýär.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Andalyp», Merkezi Garagumdaky «Ýerbent» daýhan birleşigi we Ahal welaýatynyň daglyk Nohur etraby Türkmenistanda CACILM-2 taslamasynyň synag hojalyklarydyr.
Türkmenistandaky hyzmatdaşlar ekerançylyk işlerini amala aşyrmak üçin bu taslamadan birnäçe oba hojalyk mehanizmini we desgasyny, şol sanda 25 at güýji bolan dört tigirem hereketli traktor, üç sany dört hatarly ekiji, sürümsiz ekin ekmek üçin ekiji we 15 sany iki tigirli motoblok aldylar. Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky «Andalyp» daýhan birleşigine iň täze enjamyň – topragy lazer bilen tekizleýjiniň gowşurma dabarasy bolup geçdi.
Taslamanyň sebitleýin sazlaşdyryjysy Mahmud Şaumarowyň sözlerine görä, lazerli tekizleýji diňe bir suw çeşmeleriniň tygşytly ulanylmagyny üpjün etmek we hasylly topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem, zähmet öndürijiligini-de ýokarlandyrýar, topragy ekişe taýýarlama wagtyny we ýangyç çykdajylaryny azaldýar. Lazer arkaly tekizleme tekizlik tapawudy 1-3 sm-den geçmeýän ekiş meýdanyny ýörite enjamlar bilen tekizleýän häzirki zaman tehnologiýasydyr.
Bu tehnologiýany ulanmak ýerleri suwarmak üçin sarp edilýän suw mukdarynyň ortaça dörtden bir bölegini tygşytlamaga, suwdan peýdalanmagyň täsirini azyndan üçden bir bölegiçe artdyrmaga, topragyň şorluk derejesiniň peselmegine we berlen wagtyň azalmagyna getirýär. Mundan başga-da, ekinleriň gögerişi gyradeň bolýar, ekinleriň optimal iýmitlenmegi we suwarylmagy üpjün edilýär, haşal otlaryň ösmegi azalýar we hasyl 30-40 göterim artýar.
«Suwarymly ekerançylyk şertlerinde topragyň tekizligi dökünleriň, suwuň we energiýanyň tygşytly ulanylmagyny kepillendirýär» diýip, «Andalyp» daýhan birleşiginiň başlygy Dessan Isgenderow aýdýar.
CACILM-2 Sebit taslamasynyň baş maksady Merkezi Aziýada we Türkiýede oba hojalygynyň guraklaşýan we şorlaşýan önümçilik ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmagyň gerimini giňeltmekdir. Şeýle hem onuň durmuşa geçirilmegi BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly Konwensiýasynyň amala aşyrylmagyna möhüm goşant goşýar.