Ï Türkmenistanyň strategik maýa goýum taslamalary Pariždäki halkara forumda görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň strategik maýa goýum taslamalary Pariždäki halkara forumda görkeziler

view-icon 3225
Türkmenistanyň strategik maýa goýum taslamalary Pariždäki halkara forumda görkeziler

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň meýilnamasynyň taslamasy çap edildi.

Çäräniň maksatnamasy umumy we bäş sany mowzuky mejlisi öz içine alýar. Olarda Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli gatlagyna maýa goýum mümkinçiliginiň giň gerimi görkeziler.

Türkmenistanyň baý gor mümkinçiligi bu forumyň üns merkezinde bolar. Onda hem nebitdir gaz öndürmek, olary daşamak we gaýtadan işlemek hem-de gün, ýel energiýasynyň ösüşi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi öwreniler. Arassa energetikany ösdürmek ugry bolsa Pariž forumynyň metan taşlandylaryny azaltmak we Türkmenistanyň Dubaýda geçirilen COP28 howa sammitine goşulan Global Metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aýratyn mejlisinde tassyklanar.

Pariždäki forumda, şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek üçin Türkmenistanyň energetika toplumynyň esasy strategik taslamalary görkeziler. Bu Hazar deňziniň ýalpaklygynda we Balkan sebitindäki gury ýerlerde nebit hem gaz ýataklarynyň özleşdirilmegidir. Häzirki wagtda «GaffneyCline» iňlis kompaniýasy «Türkmennebit» DK-na Hazar deňziniň türkmen tarapy üçin maýa goýum bukjalaryny taýýarlamakda goldaw berýär. Iň soňky maglumatlar işlemäge taýýar ýataklarda önümçiligiň iň amatly görnüşini saýlamak we ägirt uly «Galkynyş» ýatagynyň senagat taýdan özleşdirilmeginiň indiki tapgyryny işläp düzmek, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkunyň üýtgedilmegi, ýerasty gaz ammarynyň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça mega-taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly taslamalar boýunça hödürlener.

Türkmenistan tebigy gazy öndürmek we eksport etmek bilen bir hatarda, uglewodorodlaryň gaýtadan çuňňur işlenmegine-de aýratyn üns berýär, çünki ýurduň ykdysadyýetinde bu uzak wagtlap agdyklyk etjek energiýa çeşmesi bolup biler. Soňky ýyllarda birnäçe gaz-himiýa toplumlary işe girizildi we ýakyn wagtda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürmek üçin täze zawodlar gurmak boýunça meýilnamalar daşary ýurtly maýa goýujylar üçin täze mümkinçilikler döredýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Pariždäki forumda gazy gaýtadan işlemek we gaz-himiýa önümçiligini ösdürmek boýunça geljegi uly maýa goýum taslamalaryny görkezer.

Gurluşyk, ulag, maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary pudagynda Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan mejlisde «akylly» Arkadag şäheriniň ikinji, ýagny ýerli çig maldan lukmançylyk we beýleki önümleri öndürmek üçin desgalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan tapgyryny gurmak meýilnamasy göz öňünde tutular.

Pariž forumyny guraýjylar, ýagny «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri we «Türkmen forumy» HJ hem «GaffneyCline» iňlis kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, forumyň çäginde boljak gatnaşykdyr işewür duşuşyklaryň habarlylygy artdyrjakdygyna we maýa goýujy bolup biljeklere Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum taslamalary barada ilkinji çeşmelerden maglumat berjekdigine ynam bildirýärler. Olar daşary ýurtly maýa goýujylar üçin Türkmenistanyň artyp barýan özüne çekijiliginiň ýurtdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, ygtybarly kanunçylyk binýady we döwlet kepilleri bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

Foruma gatnaşyp bilmeýänler üçin «Zoom» platformasy arkaly göni ýaýlymdan alnyp berliş ýola goýlar. Forumyň çäginde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ýolbaşçylygyndaky duşuşyklar hem onlaýn görnüşde mümkin bolar.