Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy eksport harytlary üçin gümrük şertlerini sadalaşdyrylmagy, olaryň ýeke-täk gümrük maglumat ulgamynda netijeli resmileşdirilmegi, gümrük tölegleriniň awtomatik ýagdaýda ýerine ýetirilmegi we resminamalaryň sanly ulgamlar arkaly doldurylmagy boýunça yzygiderli iş alyp barýar. Bu iş Diýarymyzdan daşary ýurtlara iberilýän harytlar üçin gümrük amallaryny çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa çalt zaýalanýan harytlar üçin aýratyn ähmiýetlidir.
Milli eksporty ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga çalyşýan türkmen telekeçileri, hususan-da, ter miwe we gök önümleri öndürýänler, gümrük amallaryny berjaý etmegiň iň amatly mümkinçiliklerinden doly peýdalanýarlar. Ýylboýy pomidor, bulgar burç we ýertudana ösdürip ýetişdirýän Daşoguz welaýatynyň «Altyn tug» hususy kärhanasy-da şulara degişlidir.
12 gektar meýdany bolan oba hojalygy toplumy bäşinji nesil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylypdyr, bu bolsa zähmet çykdajylaryny ep-esli azaldyp, ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň hasyllylygyny şonça ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýetişdirilen hasylyň esli bölegi bolsa goňşy ýurtlara iberilýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary ykdysady işe gatnaşýanlaryň hemmesi üçin eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge, olaryň gümrük dolandyryşyna, eksport kanunçylygyna we harytlary serhetden geçirende öňe sürülýän talaplary doly we dogry berjaý etmeklige beletligini artdyrmaga çalyşýar.