Ï Türkmenistan deňiz gämi gatnawyny kämilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan deňiz gämi gatnawyny kämilleşdirýär

view-icon 4933
Türkmenistan deňiz gämi gatnawyny kämilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda geçen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmak niýeti deňiz gämi gatnawyny we deňizdäki ulag hereketlerini dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga hem sadalaşdyrmaga goşant goşar.

1993-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Halkara Deňiz Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we deňiz ulag amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen meşgullanýar. 1965-nji ýylda kabul edilen halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek baradaky Konwensiýa-da hut netijeliligi ýokarlandyrma gönükdirilendir.

Konwensiýa halkara ýüzüşleri amala aşyrýan gämileriň gelmegi, duralgada durmagy we ugramagy bilen baglanyşykly resmilikleri, talaplarydyr şertleri iň az derejä çenli sadalaşdyrmak hem gysgaltmak arkaly, deňiz gämi gatnawynyň aňsatlaşdyrylmagyna ýardam edýär. Konwensiýanyň düzgünleri gämileriň duralgalara girmegi-çykmagy bilen baglanyşykly zerur maglumatlaryň elektron görnüşinde alynmagyny üpjün edýän «Bir penjire» ulgamynyň döredilmegini, ornaşdyrylmagyny we ulanylmagyny talap edýär. 2022-nji ýylyň maý aýynda HDG-niň sessiýasynda Konwensiýa girizilip tassyklanan düzedişlere laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, dünýäniň ähli portlarynda elektron maglumat alyşmak üçin «Bir penjire» hökmany şert bolar.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna gelýän gämileri we ýükleri resmileşdirmek we deňiz hereketini kadalaşdyrma tertibini döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe çäreleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň Konwensiýa goşulmagy deňiz portlarynyň barlag nokatlarynda milli «Bir penjire» ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer. Ol gämileriň portlara girmegi-çykmagy we durmagy bilen baglanyşykly kagyz resminamalarynyň ýerine elektron görnüşinde şol bir wagtda maglumat ibermegi, halkara adalgalary ulanyp, gäminiň gelmegi we gitmegi barada elektron habarlary standartlaşdyrmak üçin zerur maglumatlaryň formatlaryny kesgitlemegi we ylalaşdyrmagy, deňiz barlag nokatlarynda döwlet serhedinden adamlaryň, ulag serişdeleriniň, ýükleriň we harytlaryň geçişine döwlet gözegçiliginiň usullaryny gowulandyrmagy we beýleki çäreleri öz içine alýar.