Ï Kataryň Söwda-Senagat edarasynda geçirilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kataryň Söwda-Senagat edarasynda geçirilen duşuşyk

view-icon 6053
Kataryň Söwda-Senagat edarasynda geçirilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwda–senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taralar iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-Katar Işewürler forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üsütünde durulup geçildi.