Ï Maldarçylyk ulgamy: dowarlar dok we ýyly gyşladylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maldarçylyk ulgamy: dowarlar dok we ýyly gyşladylýar

view-icon 5897
Maldarçylyk ulgamy: dowarlar dok we ýyly gyşladylýar

Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümine taýýarlykly gelinmegi mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Hojalyklaryň bilelikdäki tagallalary, işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde gyş möwsüminde mallara ýeterlik mukdarda ätiýaçlyk ot-iýmleriň taýýarlanylmagy, hojalyklaryň ygtyýarynda bar bolan kaşarlaryň ählisiniň abatlanylmagy gyşyň aýazly günlerinde hem mallary dok we ýyly saklamaklyga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda welaýatda «Serdar», «Jeýhun», «Garagum», «Tallymerjen», «Köýtendag» ýaly maldarçylyk hojalyklary hereket edip, olara degişli dowarlar Garagum hem-de Gyzylgum ýaýlalarynda, Köýtendagyň eteklerindäki baýyrlyklarda idedilýär.

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde hem dowarlary dok we ýyly gyşlatmak bilen birlikde owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işleri-de giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hojalyklaryň ygtyýarynda bar bolan ene goýunlar aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Bu babatda maldarçylyk hojalyklarynyň degişli hünärmenleriniň, weterinar lukmanlaryň, kärendeçi çopanlaryň tagallalarynyň birikdirilip, bilelikde iş alnyp barylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Gündogar sebitiň maldarlarynyň häzirki wagtda alyp barýan tutanýerli işleri olaryň öňde goýan asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine güwä geçýär.