Ýanwar aýynyň ahyrynda Brýusselde geçen ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşygy boýunça «Global Gateway inwestor» forumynda Türkmenistanyň wekiliýet agzalary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşama we Merkezi Aziýa – ÝB arasynda ýük daşajak deňiz gämilerini gurmaga ukyply «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň saýtynda habar berilýär. «Global Gateway»-niň «Hazar deňzinden geçmek: dar geçelgäni esasy ýola öwürmek» atly sessiýasynda eden çykyşynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow Türkmenistanyň deňiz portunyň Ýewropa – Aziýa ýük ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigini we deňze çykalgasyz Merkezi Aziýa ýurtlaryna söwda üçin ykdysady taýdan amatly ýoly teklip etmek bilen möhüm aragatnaşygy üpjün edýändigini aýtdy. Şeýle hem Seýitguly Baýseýidow onuň 17 million tonna dürli görnüşli ýüki geçirme kuwwatynyň we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyna ünsi çekdi: 2023-nji ýylda bu port ÝHHG-niň goldawy bilen SLC ECO-dan «Ýaşyl port» şahadatnamasyny aldy. Bu maýa goýumlary Türkmenistanda gämi gurluşygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm orny eýeleýär.
Häzirki wagtda «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwaty ýylda dört gämi gurmaga we 20 gämi abatlamaga niýetlenendir. Ilkinji gezek gämi gurup başlan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hyzmatdaşlar bilen bilelikde ilkinji gury ýük daşaýan gämisini 14 aýda, ikinjisini bolsa iki aýdan soň, üçünjini ýene iki aýdan ulanylyşa bermegi meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň «Çalt ýeňişler, uly täsir – Hazaraşa ulag baglanyşygy üçin gysga möhletli maýa goýum mümkinçilikleri» sessiýasynda belläp geçişi ýaly, gämi gurluşygynyň şunuň ýaly möhleti sebitde iň amatly möhletdir. Sebäbi, adatça, deňiz gämisiniň ulanylyşa doly suratda berilmegi, azyndan, üç ýyl wagt talap edýär. Deslapky hasaplamalara görä, Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýylda bäş million tonna goşmaça konteýnerli ýük daşamak üçin azyndan 20 sany gury ýük gämisiniň gurulmagy gerek bolar. Şeýle hem ýurdumyz RO-RO paromlaryň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Deňiz ulag infrastrukturasyny ösdürmekden we gämi gurluşygyndan başga-da Türkmenistan dünýä ülňülerine laýyklykda deňizde ýük daşamak işini döwrebaplaşdyrmak we sadalaşdyrmak boýunça möhüm çäreleri görýär. Mysal üçin, Halkara deňiz guramasynyň Deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek baradaky konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky ýakynda kabul edilen karar ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda milli «Bir penjire» ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer.