Ï Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrýar

view-icon 5710
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrýar

Türkmenistanyň nebitgaz pudagy ylmy-barlag institutlarynyň işleri, hususan-da, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty bilen bilelikde hereket edýän nebitgaz ýataklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Gaz we gaz kondensaty ýataklary institutlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary boýunça özleşdirilýär. Alymlaryň, hünärmenleriň öňünde geologiýa, ýataklary özleşdirmek, burawlamak we nebitgaz desgalarynyň taslamalaryny işläp düzmek, olary öz wagtynda önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek babatda wezipeler goýuldy. 

Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyz uly tejribä we kuwwata eýe bolan ygtybarly daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, nebitgaz infrastrukturasyny gurmak ýaly işlere ylmy taýdan çemeleşmek boýunça «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine degişli bolan ylmy-barlag institutlarynyň wajyp ornunyň bardygyny belledi. 

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işleri bilen bir hatarda, nebitgaz ugry boýunça işleýän halkara ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.