Ï «Dragon Oil» kompaniýasynyň wekiliýet agzalary bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dragon Oil» kompaniýasynyň wekiliýet agzalary bilen duşuşyk

view-icon 6418
«Dragon Oil» kompaniýasynyň wekiliýet agzalary bilen duşuşyk

Şu gün «Türkmennebit» döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda işine öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrýan, özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen «Dragon Oil» kompaniýasy hem bar. 

Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. 

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynyň ähmiýeti dogrusynda hem bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ýokary derejeli maslahata gatnaşmagy hem-de Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, metan zyňyndylarynyň ýaramaz täsirlerini peseltmek we aradan aýyrmak babatda ählumumy maksada gönükdirilen başlangyçlara işjeň gatnaşýandygyny subut edýär. 

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň başynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti barada bellenildi. Türkmenistan we BAE iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýurda amala aşyran sapary hem dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ädim boldy.

Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesi babatda pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama ýurdumyz bilen hyzmatdaş kompaniýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň has-da berkidilýändigiň subutnamasyna öwrüldi.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň wekiliýet agzalary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygyny nygtadylar. Şeýle hem bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalara seretmäge taýýardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz ulgamynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.