Nakgaşlar birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu döredijilik okuw mekdebinde nakgaşlyk hünärini saýlan zehinli ýaşlarymyz kär başarnygyny özleşdirýärler. Şonuň üçinem türkmen şekillendiriş sungatynyň geljegi, esasan, olaryň mugallymlaryna baglydyr.
Mugallymlaryň işleriniň arasynda žiwopis suratlardan başga-da, şaý-sepler we kiçi heýkeller hem bar. Suratlaryň köpüsi taryhy temadan, esasan hem realizm ýörelgesinde döredilen uly göwrümli işlerdir. Olaryň arasynda Gunça Myradowanyň «Alyşir Nowaýy Soltansöýün Baýkaranyňkyda», Gurban Babatäjewiň «Blokwil Gowşut hanyň alnynda», Toýly Çopanowyň «Margiana» suratlary bar. Şeýle işler uly ussatlygy we halkyň taryhyny gowy bilmegi talap edýär. Olar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary üçin gowy gollanmadyr.
Mugallymlaryň köpüsi işlerinde Beýik Ýüpek ýoly temasyndan eser döredipdiler, olarda gahrymanlarynyň häsiýeti, bazarlaryň ýagdaýy çeper beýan edilýär. Olaryň biri Toýly Çopanowyň «Täjir» suratydyr. Nakgaş onda akyl-paýhasyňy durlaýan harytlary – kitap satýan özüne çekiji täjiri şekillendiripdir.
Gurban Babajanowyň «Gojanyň portreti», Toýly Çopanowyň «Mirap» we «Atyzda» portretleriniň gahrymanlarynyň keşbinde mertebeli asyllylyk göze ilýär. Bir tarapdan, awtorlar türkmenlere mahsus keşbi görkezseler, beýleki tarapdan portretlerde psihologik yşarat duýulýar.
Amanmuhammet Aşyrgeldiýewiň «Köne ýoldan» suraty uly täsir galdyrýar. Onda indi ençe wagt bäri adam-gara geçmeýän ýoldan barýan goja şekillendirilipdir, hat-da ýol ugrundaky agajam garrylykdan hem ýalňyzlykdan gurap galypdyr. Ýaşuly welin asfaltdan gitmek islemeýär, ol ozalkyja endiginden dänmekçi däl.
Laçyn Toýlyýewanyň gündogar miniatýurasy görnüşinde çekilen «Sazanda» suratynda juda görmegeý sazanda şekillendirilýär. Laçyn suratynyň gahrymanyny aşyk hem wäşi keşbinde beýan edipdir.
Heýkeltaraşlyk işleriniň arasynda Seljuk Ýarmämmedowyň «Süýji düýş», «Umman syrlary» we şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň döş heýkeli, şeýle hem Çarymyrat Amanowyň «Kine» we «Magtymguly» işleri saýry gelýär.
Sergä gelenleri zergärleriň kümüşden we altyn çaýylan ajaýyp şaý-sepleri hem begendirdi. Bu mekdebiň talyplary, şeýle hem meşhur aýdymçylar – Atageldi Garýagdyýew, Atajan Berdiýew, Begenç Moşşyýew we beýlekiler sergi meýdançasynda kiçi konsert gurap, mugallymlary goldamaga geldiler.