Berekede baý güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem azyk bolçulygyny yzygiderli üpjün etmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan döredip berlen döwrebap şertlerdir mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan önümçilik düzümleri-de özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Hususy hojalyk ulgamyna degişli bolan şeýle kärhanalaryň biri-de, Günbatar sebitiň Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän «Erada» hususy kärhanasynyň «Nurana Aý» çörek we çörek önümlerini öndürýän önümhanasydyr. Bu ýerde Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletlerden getirilen ösen, ýokary tehnologik enjamlar önümçilige ornaşdyryldy. Olar kärhananyň zehinli ýaş hünärmenleri tarapyndan ussatlyk bilen dolandyrylýar. Ýokary hil derejesinde gündelik taýýarlanýan mele-myssyk tamdyr çöregi we gyzgynjak çörek önümleri bolsa sarp edijileriň arasynda meşhurlyk gazanyp, uly isleg bilen satyn alynýar.
Kärhananyň agzybir zähmet topary bu gün ak bazarlaryň, söwda nokatlarynyň bereketli azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegi üçin tagallaly zähmet çekýärler. Şeýle-de olar ilatymyzyň saçaklarynyň dürli görnüşli çörek we çörek önümleri bilen üpjünçiliginde ösen islegleri içgin öwrenip, şu ugurda öňdebaryjy iş tejribeleri, täzeçe usullary ulanýarlar. Öndürilýän gündelik önümler üçin zerur bolan ýokary hilli un hem Günbatar sebitiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmenler toplumyndan şertnamalar esasynda satyn alynýar.
Häzirki wagtda «Nurana Aý» önümhanasynda birnäçe görnüşli çörekden başga-da, ýagly gatlama, petir, süýtli külçe, toý pişmeleri, tort, kökeleriň köp görnüşleri, içi bally, şokoladly çörek önümleri taýýarlanýar. Bu datly, tagamly önümlere-de içerki sarp edijileriň arasynda islegler barha artýar. Şundan ugur alyp, «Erada» hususy kärhanasynyň ezber telekeçileri önümçiligiň gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýärler. Şu maksat bilen, olar ýakyn geljekde ekologiýa taýdan arassa miweleriň we gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirmek arkaly gaýtadan işleýän önümçiligi ýola goýmagy göz öňünde tutýarlar.
Şu günlerde hem hususy kärhananyň tejribeli hünärmenleri öz öňlerinde goýan belent maksatlaryna ýetmek ugrunda taýýarlyk işlerini barha güýçlendirýärler. Has takygy, Gyzylarbat etrabynyň Pürnüwar obasynyň çäginde hususy kärhana bölünip berlen 3,5 gektar ýerden geçen ýyl alma, armyt, erik, garaly, hurma, şetdaly ýaly baglardan ilkinji gezek bol miwe hasylyny ýygnadylar. Munuň özi, dürli miwe önümleriniň gaýtadan işleýän täze önümçiligini ýola goýmakçy bolýan hususy kärhananyň işiniň mundan beýlägem ösüşlere beslenjekdigine aýdyň şaýatlyk edýär.