Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, aýratyn-da, onuň köpugurly gaýtadan işleýän senagatyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini we hususyýetçiligi ösdürmäge döwletimiz tarapyndan düýpli maýa goýumlary goýulýar. Şonuň netijesinde döwletli Diýarymyzda ösen tehnologiýalara, kämil tilsimatlara daýanýan telekeçilik ulgamynda ýokary netijeler gazanylýar.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky «Ýazlak» hususy kärhanasy hem şolaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhana üstümizdäki ýyla şowly gadamlar, buýsançly önümçilik görkezijileri bilen başlady. Bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap, täze enjamlar bolsa işleriň ýokary hilini we netijeliligini şertlendirýär. Hemme amatly mümkinçilikleri özünde jemleýän kärhanada sygyrlardan saglyp alynýan süýt senagat taýdan gaýtadan işlenilýär. Şeýle-de ekologiýa babatda arassalygy bilen tapawutlanýan dürli görnüşli süýt önümleri elýeterli bahalardan ilata ýetirilýär.
Häzirki wagtda «Ýazlak» hususy kärhanasynda öndürilýän önümleriň görnüşi 15-e barabardyr. Esasy zat hem kärhanada ynsan saglygy üçin iň bir ýokumly, ýaramly, siňňitli hasaplanyp, jana melhem bolýan süýt we süýt önümleriniň öndürilişi barha artýar. Ýerli telekeçileriň taýýarlaýan az ýagly gatyk, ýagsyz kefir, biokefir, nusgawy esasda uýadylan gatyk, adaty we çig gaýmaklar, ýagsyz uýadylan gaýmak, aýran, süzme, peýnir we beýleki süýt önümleri-de içerki sarp edijileriň ýokary bahasyna hem-de alkyşlaryna mynasyp bolýar.
«Ýazlak» hususy kärhanasynda gara mallary dok we ýyly gyşlatmak, olaryň baş sanyny tükel we abat saklamak, şeýle-de maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, kärhanada sygyrlara kemsiz ideg etmek arkaly olardan sagylyp alynýan süýdüň möçberem ep-esli derejede artdyrylýar. Şonuň ýaly-da öndürilýän önümleri köpeltmek, gündelik artýan islegleri doly derejede kanagatlandyrmak üçin şahsy hojalyklardan hem süýt satyn alynýar. Netijede, hususy kärhana boýunça her aýda onlarça tonna süýt önümleri taýýarlanýar. Ýokary hilli azyk önümleriniň agramly bölegem ýörite sargytlar esasynda etrabyň, welaýatyň hem-de ýurduň çägindäki söwda nokatlaryna täzeligi bilen yzygiderli ugradylýar. 