Ï 2023-nji ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy

view-icon 5501
2023-nji ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy

2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy.

«Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim boldy» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylda maýa goýumlar 7,5 göterim artdy.

«Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär.