Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri tarapyndan 2023-nji ýylda 80 milliartdan gowrak kub metr tebigy gaz we 8 milliondan gowrak tonna nebit çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow hasabat berdi.
«2023-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz, 8 million 316,7 müň tonna nebit çykaryldy» diýip, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 30,1 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça 1,1 göterim, kerosin boýunça 0,6 göterim ösüş gazanyldy.
Tebigy gaz gorlary boýunça Türkmenistan Russiýa, Eýran we Katar bilen birlikde dünýäde ilkinji dört ýurduň hataryna girýär.