Ï Türkmenistanly suwda ýüzüji türgenler 2024-nji ýylda Katarda geçirilýän sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly suwda ýüzüji türgenler 2024-nji ýylda Katarda geçirilýän sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

view-icon 7178
Türkmenistanly suwda ýüzüji türgenler 2024-nji ýylda Katarda geçirilýän sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

Sportuň suw görnüşleri boýunça Dohada başlanan ХХI dünýä çempionatynda Türkmenistana dört türgen wekilçilik eder.

Kataryň paýtagtynda geçirilýän dünýä çempionaty ilki 2023-nji ýylyň tomsunda geçirilmelidi. Ýöne suwda ýüzmek Halkara federasiýasy 2021-nji ýyla meýilleşdirilen ýaryşyň 2023-nji ýylyň iýulynda Fukuokada we Tokioda geçirilmeli Olimpiýa oýunlarynyň bir ýyl, soňra Ýaponiýada COVID çäklendirmeleri sebäpli 2023-nji ýyla çenli yza süýşürildi we ony 2024-nji ýylyň fewralynda geçirmegi karar etdi.

Şeýlelik bilen, 2022-nji ýyldan başlap, Ýaponiýa derek ýaryşy Wengriýa kabul edenden soň 2019-njy ýyla çenli dowam eden düzgüne görä, ozalkysy ýaly 2 ýyldan bir gezek däl-de, 2025-nji ýyla çenli her ýyl geçirilýär.

Ýaryşyň Olimpiýa ýylyna gabat gelendigi üçin sportuň suw görnüşleri, esasanam, suwda ýüzmek boýunça ýyldyzlaryň käbiri çempionata gatnaşmazlygy ýüregine düwdüler. Şeýle-de bolsa, ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arasynda tanymal türgenler az däl. Galyberse-de, 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berilýändigi üçinem bu ýaryşyň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň Suwda ýüzmek federasiýasynyň habar berşi ýaly, dünýä çempionatynda suwda ýüzmegiň sekiz görnüşinde toparymyza 28 ýaşly halkara sport ussady, Rio-de-Žaneýroda we Tokioda geçirilen soňky iki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Merdan Ataýew (arkan ýatyp 50 we 100 metr aralyga ýüzmek), sport ussady, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji talyby Musa Jalaýew (50 we 100 metre krolda ýüzmek), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Anastasiýa Morginştern (50 we 100 metre krolda ýüzmek) we sport ussatlygyna kandidat Aýnur Pirimowa (100 we 200 metre arkan ýatyp ýüzmek) wekilçilik ederler.

Ilki bilen, 12-nji fewralda Aýnur Pirimowa we Merdan Ataýew arkan ýatyp 100 metr aralyga ýüzmek boýunça deslapky ýaryşlara gatnaşarlar.

Türgenlerimiz üçin Dohada geçirilýän dünýä çempionaty 2024-nji ýyldaky Pariž Olimpiýa oýunlaryna soňky saýlama ýaryş bolar.