Ï Bütindünýä ulag we logistika ulgamynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek ugrundaky tagallalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä ulag we logistika ulgamynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek ugrundaky tagallalar

view-icon 4483
Bütindünýä ulag we logistika ulgamynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek ugrundaky tagallalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan giňişleýin mejlisinde ähli görnüşli ulaglaryň maddy we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem berkitmek, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçy we ýük daşamagyň mukdaryny hem hilini ýokarlandyrmak we hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek baradaky meseleler ulag toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ileri tutulýan meseleleriň hatarynda agzaldy.

Bu nukdaýnazardan, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak tabşyryldy. Ýakynda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gol çeken Özara düşünişmek Ähtnamasy we 2024-nji ýyldaky bilelikdäki hereket meýilnamasy-da hut şuňa gönükdirilendir.

Ähtnamada türkmen portunyň bütindünýä ulag we logistika ulgamyndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, meýilnamada bolsa olary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler kesgitlenýär. Taraplar «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň halkara hyzmatdaşlaryna portuň tehniki we tehnologik mümkinçiligi, portda daşary ýurtly ýük daşaýjylary çekmek üçin döredilen ýeňillikler we mümkinçilikler barada habar bermek ugrundaky birnäçe bilelikdäki çäreler barada ylalaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň çäginde «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty türkmen ýük daşaýjylary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, assosiasiýanyň agzalary bolan ulag we logistika kärhanalary bilen yzygiderli tejribe alyşmak we maslahatlaşyp durmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işgärleri üçin internet arkaly tälim okuwyny guramak meýilleşdirilýär. Bularyň hemmesi portdan geçýän ýük akymyny netijeli üpjün etmek üçin döwlet we hususy pudaklaryň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Bilelikdäki çäreler meýilnamasy Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçilikleri barada maslahatlary, işewür forumlary, webinarlary we «tegelek stollary» geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu çärelere Merkezi Aziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Eýranyň we Günorta Koreýanyň iri ulag hem logistika edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar. Şeýle hem halkara kompaniýalaryň we türkmen ýük daşaýjylarynyň gyzyklanýan wekilleri üçin ýük terminallaryna we portuň beýleki infrastruktura desgalaryna tanyşdyryş saparlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Ilkinji çäreleriň birini şu ýylyň 14-nji fewralynda geçirmek göz öňünde tutulýar. «Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa eksportunyň üstaşyr geçiriji merkezi hökmünde tutýan orny» atly «tegelek stol», USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň goldawy bilen «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Beýik Britaniýanyň Merkezi Aziýadaky ulag we logistika institutynyň wekilhanasy (CILT Central Asia) tarapyndan internet arkaly ýola goýlar. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ulag we logistika müdirlikleriniň, guramalaryň we şereketleriň wekilleriniň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. «Tegelek stoluň» meýilnamasy ýük daşamak meseleleriniň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçmegi, ýük daşamagyň rejenamasyny we nyrhlaryny, ekspeditor we logistika hyzmatlaryny, resminama işlerini we üstaşyr işlerini öz içine alýan amaly jähetlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Ähtnama we Bilelikdäki hereketler meýilnamasyna gol çekilmegi Türkmenistanyň ulag we logistika pudagyny ösdürmek hem halkara derejesindäki ornuny berkitmek üçin täze mümkinçilikler döredýär. «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň tagallalaryny birleşdirmek halkara ulag ugurlarynda möhüm baglanyşyk bolan türkmen portunyň mümkinçiligi barada habardarlygy ýokarlandyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge we daşalýan ýüküň möçberini artdyrmaga, diýmek ýurduň ykdysady ösüşiniň we gülläp ösmeginiň möhüm halkasyna ýardam eder.