Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerine täze kabul edilen ýaş harby gullukçylaryň 20-ä golaýy gatnaşýar.
Okuw sapaklary «akylly» şäheriň täze gümrük edarasynyň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan otaglarynda geçirilýär. Okuw maksatnamasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezi tarapyndan işlenip düzüldi.
Ol gümrük işleri barada esasy bilimleri almagy, gümrük gözegçiligini guramak bilen tanyşmagy, şeýle hem gümrük tölegleri, statistika we ulanylýan maglumat tehnologiýalary babatynda habardarlygy ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Başlangyç hünär okuwy gümrük işgärleriniň arasynda hünär häsiýetleriniň emele gelmegi üçin esas bolup durýar.
Arkadag şäheriniň gümrük bazasynyň okuw binýady, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýan ähli zerur tehniki serişdelere we enjamlara eýedir. Okuw gutarandan soň, talyplar jemleýji synaglary tabşyrarlar.