Türkmenistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä hökümet sammitinde çykyş edende, Aşgabadyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, halkalaýyn ykdysadyýete geçmegiň bütindünýä çarçuwaly maksatnamasyny işläp düzmek baradaky başlangyjyny beýan etdi.
Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, dünýäde ilat sanynyň çalt artmagy we häzirki döwürde gaty jisimden bolan durmuşy galyndylaryň mukdarynyň köplügi zerarly, milli hökümetleriň esasy wezipesi bar bolan tebigy baýlyklary daşky gurşawa täsiri iň az derejä çenli peseltmek bilen dolandyrmakdyr.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy munuň üçin döwletara derejesindäki tagallalaryň we çemeleşmeleriň jemlenmelidigini, munuň bolsa halkalaýyn ykdysadyýete diňe bir düşünje hökmünde däl-de, eýsem, düzüm taýdan bütin dünýäde geljekki nesiller üçin durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, tygşytlylyk esasly sarp ediş modellerine geçiş boýunça köpçülikleýin çäre hökmünde garalmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi.
«Şunuň bilen baglanyşyklylykda, Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlary esasynda halkalaýyn ykdysadyýete geçiş üçin bütindünýä çarçuwaly maksatnamany işläp düzmegi teklip edýär» diýip, R.Meredow aýtdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň pikiriçe, şunuň ýaly çarçuwaly maksatnama, ähtimal, dört sany esasy elementden ybarat bolar: umumy standart görkezijiler we hasabatlylyk, wajyp gorlar boýunça halkara hyzmatdaşlyk, halkalaýyn ykdysady tehnologiýalar üçin bütindünýä innowasiýa gaznasyny döretmek, şeýle hem bu ugurdaky mümkinçilikleri artdyrmak we bilim alyş-çalşygyny ýola goýmak.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy, şeýle hem tejribe alyşmak we milli ygtyýarlyklary ösdürmek arkaly ösüp barýan ýurtlaryň hukuklarynyň hem mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň olaryň bütin dünýäde halkalaýyn ykdysadyýet gurmak işine deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmelidigini aýtdy.