Ï Türkmenistanly samboçylar Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda halkara ýaryşda 15 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly samboçylar Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

view-icon 7229
Türkmenistanly samboçylar Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda XXVIII halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal eýelediler.

Bäsleşige on ýurtdan – Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Iki günüň dowamynda türgenler erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosynyň hersinde ýedi, şeýle hem erkekleriň söweş sambosy boýunça 21 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. 

Türkmenistanyň toparyndan Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Agasapar Muhadow (88 kilograma çenli), Aşgabat şäher prokuraturasynyň işgäri Suwhan Öwezgeldiýew (98 kg çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maksat Annagylyjow (79 kg çenli), Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Muminjan Arzikulow (71 kg çenli) agramlarda altyn medala mynasyp boldular.

Kümüş medallary: söweş sambo ýaryşynda Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Bezirgen Begenjow (98 kg çenli) we sambo ýaryşynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aziza Nazarowa (50 kg çenli) eýelediler.

Sport sambo ýaryşlarynda: Lebap welaýatynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Bägül Nuryýewa (50 kg çenli), Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Saodat Işmuradowa (80 kg çenli), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Babamyrat Baýramow (58 kg çenli), Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümiň esgeri Nyýazmyrat Bäbekow (64 kg çenli), Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Döwlet Yslamow (98 kg-dan gowrak) bürünç medal gazandylar.

Sambo söweşinde aşakdakylar münberiň üçünji basgançagyna çykdy: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Ahmet Taňryberdiýew (58 kilograma çenli), Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi Kambar Umarow (71 kg çenli) we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Artur Ýaňybaýew (79 kg çenli) agramlarda söweş sambosynda hormat münberiniň üçünji gatyna çykdylar.

Toparlaýyn ýaryşda Türkmenistanyň topary Belarusyň (8 altyn, 9 kümüş we 16 bürünç medal) we Russiýa Federasiýasynyň (6 altyn, 4 kümüş we 10 bürünç medal) samboçylaryna degişlilikde ilkinji iki orny gidirip, 3-nji orny eýeledi.