Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) ýakyndaky neşirleriniň birinde Merkezi Aziýa telekeçiliginiň durnukly ösüşe ymtylmagynyň üstünlikli mysaly hökmünde «Täç hil» türkmen şereketiniň işi barada gürrüň berildi. Bankyň bilermeniniň pikiriçe, ýerli telekeçiler ekologiýa taýdan has arassa işe geçmegiň hakyky tarapdarlary boldular we diňe bir öz işlerinde däl, eýsem, gatnaşyk edýän beýleki şereketlerde-de üýtgeşmelere ýardam edýärler.
ÝDÖB-niň Türkmenistanda şahsy arassaçylyk we tämizleýji serişdeler öndürýän öňdebaryjy «Täç hil» şereketine, hususan-da, 2018-nji ýyldan bäri uzakmöhletleýin goldaw berip gelýändigi-de habar berildi.
«Täç hil» döredilen gününden başlap, bazaryň barha artýan islegine jogap hökmünde önümçiligini giňeldip, onuň hiline we möçberine ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi. Dürli görnüşli harytlaryň önümçiliginde ösen tehnologiýalar we ýokary hilli ýerli hem daşary ýurt çig mallary ulanylýar. Bu bolsa önümleriň ýurduň söwda ülňülerine we ISO-nyň bäş şahadatnamasyna laýyk gelmegini üpjün edýär.
Üstünligi elde saklamak üçin «Täç hil» öňe garamagyny dowam etdirýär we ýakynda ÝDÖB-niň geňeşçi toparynyň ünsüni çekdi, bu topar ISO 9001 standartyna laýyk gelmegini üpjün etmek we hil dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak işinde kömek etmekleri üçin ESG geňeşçilerini belledi. ÝDÖB-niň tejribeli ESG geňeşçileriniň okuwy we halypalygy «Täç hiliň» ösüşine we şol bir wagtda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine ýardam edýär.
Häzirki döwürde şereket gaýtadan dikeldip bolýan energiýa çeşmelerinden peýda gazanmak üçin 12 kWt kuwwatly üçek gün ulgamyny we 5 kWt batareýa ulgamyny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu ýaşyl ulgamyň gurulmagy «Täç hiliň» daşky gurşawy goramak borjuna sadyklygyny görkezýär we geljekde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bolup biljek howpy azaltmaga kömek eder.
Şereketiň maksatlaryny kesgitlemek bilen, direktor Täçmyrat Gurdow: «Biz Türkmenistanda hojalyk we kir ýuwma, gözellik we şahsy arassaçylyk önümleriniň öňdebaryjy öndürijisi bolmak isleýäris. ÝDÖB-niň goldawy bilen bäsdeşlige ukyply önümleri hödürläp, eksport bazarlarymyzy giňeldip bileris» diýýär.