Ï Magtymguly etrabynda tikin we aýakgap önümleriniň öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly etrabynda tikin we aýakgap önümleriniň öndürilişi artýar

view-icon 4361
Magtymguly etrabynda tikin we aýakgap önümleriniň öndürilişi artýar

Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň dokma senagaty pudagynda öndürijilikli zähmet çekip, öňde goýlan belent maksatlara abraý bilen hötde gelýän kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumydyr. Ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolýan bu döwrebap toplum gysga döwrüň içinde dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşuldy.

Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy hem-de tikinçileriň yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde önümçilik meýilnamasy hemişe üstünlikli berjaý edilýär. Has takygy, kärhanada sarp edijilere ýetirilen aýakgap we tikin önümleriniň möçberi ep-esli derejede ýokarlandy. Häzirki zamanyň iň bir kämil enjamlarydyr tilsimatlary bilen üpjün edilen toplumda şu ýylyň geçen ilkinji aýynda hem oňat netijeler gazanyldy. Bu döwürde ýokary hilli aýakgap jübütleriniň 3 müňden gowragy, tikin we örme önümleriniň bolsa 833 müň 510-sy öndürildi. Şeýlelikde, kärhanada aýlyk iş meýilnamasy 167 göterim ýerine ýetirildi.

Toplumyň agzybir hünärmenleriniň taýýarlaýan kämil, dürli biçüwli, göze gelüwli, ýaraşykly önümleriniň möçberi has-da artýar. Bu bolsa döwrebap hil derejesinde taýýarlanýan önümleriň il içinde uly isleglerden peýdalanýandygynyň aýdyň netijesidir.