«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň 20-den gowrak inženeri tehniki howpsuzlyk we deňiz işleri boýunça gysga möhletli okuwlary tamamladylar.
Okuwlar «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody hem-de «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde guraldy.
Inženerler gämidäki esasy howpsuzlyk düzgünleri we deňizde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Okuwyň ahyrynda gatnaşyjylara «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy tarapyndan şahadatnamalar gowşuryldy.