Aýhan Hajyýew heniz Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň talyby döwri Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň awtory hökmünde meşhurlyk gazanyp, türkmen žiwopisiniň taryhyna girdi.
Aýhan Hajyýew öz döwrüniň ajaýyp wekili, şonuň üçinem onuň döredijiliginde türkmen topragynda bolup geçýän uly ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapdy. Professor A.Hajyýew sungaty öwrenijileriň üns merkezindedi, şonuň üçinem onuň döredijiligi barada maglumat ýetik. Biz nakgaş Mollanepes Hajyýewiň ussahanasyna baryp, ondan kakasy hakda gürrüň bermegini haýyş etdik.
Ilki bilen ünsi özüne çeken zat – Hajyýewleriň ikisiniňem tutuş ussahanany tutup duran suratlary we eskizleridi. Hamala, Aýhan Hajyýew henizem işläp ýören, ýöne birsalym ussahanadan çykyp giden ýalydy.
– Maşgalamyzda sekiz çaga – dört ogul we dört gyz bar. Kakama haýsymyz has ýakyndyr öýdýärsiňiz? Elbetde men! Sebäbi men iň körpesidim. Uly doganlarym durmuş gurup, ata öýüni terk edende, ata-enemiň ýanynda galan mendim. Men kakam üçin hem onuň sürüjisi, kätibi, kömekçisi, söhbetdeşi, okuwçysydym – diýip, Mollanepes gürrüň berýär.
Men hem nakgaş we binagär. 30 ýyl mundan ozal kakamyň eskizleriniň we suratlarynyň nusgalaryny döredenimde, onuň reňk berşini, tilsimini we reňklere öwüşgin berşini öwrendim. Şonda men üýtgeşik bir dünýä açdym: kakamyň gahrymanlary biri-biri bilen söhbet edýärdi, birek-birege üýtgeşik garaýardylar, yşaratlar alyşýardylar, biri-birini söýýärdiler.
Kakam we meniň üçin esasy çeperçilik geňeşçi ejemdi. Kakam onuň dogruçyllygyna we tapbilerligine ynanýardy. «Gülnabat «gowy» diýdimi, diýmek iş bitendir, eger-de «kemter» diýse welin, haýsydyr bir zat gözden sypandyr» diýerdi.
– Mollanepes, žiwopis muşdagy hökmünde, her nakgaşyň döredijiliginde esasy suraty saýlaýaryn. Aýhan Hajyýewiň şeýle iki suraty bar diýip pikir edýärin. Olar «Ilkinji mugallym» we «Asyrlar arzuwy wysal boldy» işleri. Her ýyl 1-nji sentýabrda Şekillendiriş sungaty muzeýi «Ilkinji mugallym» suraty bilen sergini açýar, her gezegem ot ýaly yssy gum depelerinden aşyp, alys obadaky çagalara bilim berýän baş gahrymanyň erjelligine haýran galýaryn.
Muzeýiň sergi zalyndaky «Asyrlar arzuwy wysal boldy» suratynda gahrymançylyk ruhy duýulýar.
– «Asyrlar arzuwy wysal boldy» suratynda goşawuçlap suw içýän çopanyň kellesiniň doly çekilmändigine üns berdiňizmi?
– Elbetde.
– Men ony kakamdan soradym. Ol: «Çopanyň kellesini doly çeken bolsam, onda ol suratyň baş gahrymany bolardy, ýöne men suratda suwy baş gahryman etdim» diýip jogap beripdi.
– Gör, neneň täsin! Şeýle inçe we ýiti nazar!
– Size bir syry açaýyn. Kakamyň işleri, adatça, köp adamly, şonuň üçin naturaçy tapmakda ejir çekýärdi. Maşgalamyzyň ähli agzasy, garyndaşlarymyz, goňşularymyz we tanyşlarymyz hem naturaçy bolupdylar. Olar häzirem kakamyň gahrymanlarynda öz keşbini görýärler. Ýöne hakyky däl naturaçylar bilen işlemegem hyllalla. Şonuň üçinem köp halatlarda möçberli suratyň gahrymanlarynyň biriniň keşbini işlän mahaly, kakamyň özi aýnanyň öňüne geçerdi. Gerekli rakursy tapyp, özüni surata düşürmegi buýrardy. Maşgala arhiwimizde kakamyň öz gahrymanlarynyň keşbindäki seýrek suratlar bar. Ünsli serediň hany, «Ylym – pagtaçylara ýardamçy» suratdaky seçgiçi-professoryň keşbinde ony görýärsiňiz, ine-de kakam Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretini döredende, şahyryň keşbini taýýarlaýar.
Elbetde, biz kakamyza buýsanýarys. Ýadyma düşýär, 1978-nji ýylda Ýuriý Lewitanyň hut özi Bütinsoýuz radiosynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewe Türkmenistanyň politehniki institutynyň binagärlik kafedrasynyň professory derejesiniň berlendigini habar beripdi. Bu diňe bir kakamyz üçin däl, eýsem, onuň ähli çagalary üçinem baýramdy. Şol döwürde ähli öýde diýen ýaly radio nokatlary bardy. Garyndaşlarymyz dostlarymyz, onuň kärdeşleri, okuwçylary we tanyşlary yzyny üzmän jaň edip, kakamy gutlaýardylar.
Men kakamda ýene bir üýtgeşik zada üns berdim. Ol 69 ýaşynda insultyň agyr görnüşine duçar boldy. Zalym kesel hakydaňa erbet täsir edýär. Ýöne çotgany eline aldygy, oňa süýem barmagyny berk basardy – bu onuň işleýändiginiň alamatydy. Kakamyň ussatlygy hatda elhenç kesele-de boýun egmedi.
– Mollanepes, öňümizde siziň çeken kakaňyzyň çeper portreti dur, gapdalynda bolsa «Bahar» atly ajaýyp surat bar. Siz Hajyýewleriň nakgaşlar neberesiniň ikinji nesliniň wekili. Hajyýewleriň üçünji neslinde Aýhan Hajyýewiň zehinli ýoluny dowam edýänler barmy?
– Gyzym Enejan Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň žiwopis bölüminiň 2-nji synpynda okaýar. Mugallymy Jemile Akmämmedowna Amanowa maňa: «Gyzyňyzyň el işledişi gowy» diýdi. Enejan Hajyýewa hem atasynyň zehininden paý düşendir diýip umyt edýäris.
– Gyzykly gürrüňiňiz üçin sag boluň. Elbetde, žiwopis muşdaklary ondan geçen döwrüň görnükli ussady, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň diňe bir döredijiligi däl, eýsem, maşgala goldawy we daýanjy barada-da köp zat bilendirler.