Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň sebitleýin taslamasynyň, «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklaşýan hem şorlaşýan oba hojalyk ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» atly sebitleýin taslamanyň esasy maksatlarynyň biri-de tebigy baýlyklary daşky gurşawa zyýan ýetirmän, netijeli dolandyrmagyň üstünlikli tejribesini ýaýratmakdyr.
Ýurduň Oba hojalyk ministrligi we ýerli dolandyryş edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Taslamanyň maliýe we tehniki goldawy bilen amala aşyrylýan Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek-de şu meseläni çözmäge gönükdirilendir.
Daşoguz we Ahal welaýatlarynda obaly öndürijiler FAO-dan dokuz sany ýata suw sorujy enjam aldylar. Olaryň bäşisi Merkezi Garagum çölündäki esasy suw üpjünçilik ulgamynyň üsti bilen Garagum derýasyndan suw almaga niýetlenen bolup, galan dördüsi bolsa suw ýetmezçiligi bolan döwründe daýhan hojalyklarynyň uzak ýerlerini gurakçylykdan goramak üçin zerur çyglylyk bilen üpjün eder.
Bu suw sorujy enjamlaryň kömegi bilen Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp daýhan birleşiginiň meýdanlaryna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ýerbent» maldarçylyk hojalygynyň uzak obalaryna we öri meýdanlaryna, şeýle hem Mary, Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň suw geçirijilerine we 6 sany maldarçylyk hojalygy üznüksiz suw bilen üpjün ediler. Merkezi Garagumuň sähralyk ýerlerindäki obalaryň we şäherçeleriň ilaty hojalyk we oba hojalyk hajatlary, şeýle hem mallary suwa ýakmak üçin zerur suw bilen üpjün ediler.
Göçme suw sorujy enjamlaryň kömegi bilen suwaryş we agyz suwunyň üznüksiz hem yzygiderli eltilmegi ýerli ilata hojalyklaryň uzak ýerlerinde suwaryş suw ýetmezçiliginiň möhüm meselelerini çözmäge, öri meýdanlarynyň we mallaryň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we maldarlaryň, daýhanlaryň hem olaryň maşgalalarynyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulaşdyrmaga ýardam eder. Taslama hünärmenleri we ilaty suwdan tygşytly peýdalanmak endiklerini öwretmegini-de dowam etdirer.
Bu taslamanyň sebitdäki utgaşdyryjysy Mahmud Şaumarowyň aýtmagyna görä, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde oba hojalygynyň möhüm orun eýeleýän sebitinde tebigy, ilkinji nobatda, suw hem ýer baýlyklaryny gorap saklamak we netijeli peýdalanmak meselesi aňrybaş wajyp meseledir.
FAO taslamasynyň çäginde milli işdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ýola goýulmagy tebigy baýlyklary we oba hojalygyny dolandyrmakda häzirki zaman we täsirli tehnologiýa çözgütleri kesgitlemäge hem durmuşa geçirmäge ýardam edýär.