«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasynyň Gazagystandaky direktory we söwda işleri boýunça dolandyryjysynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «S.Nyýazow» gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada anyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar gury ýük daşaýan gämä gerekli esasy hereketlendirijiniň we dizel-generatorlaryň tehniki aýratynlyklary hem-de çyzgylary bilen tanyşdylar. Enjamlaryň halkara klassifikasiýa jemgyýetleriniň talaplaryna laýyk gelmeginiň ähmiýeti bellendi.
«Weichai Holding Co.Ltd» 1946-njy ýylda Hytaýda esaslandyryldy. Awtoulaglar, gurluşyk we oba hojalygy tehnikalary, deňiz gämileri (esasanam dizel hereketlendirijileri we onuň hereketini üýtgedijiler), şeýle hem awtobuslar, ýük we ýeňil awtoulaglar, ýük ýükleýji tehnikalar, energetika pudagy üçin enjamlary, gidrawlik sorujylary we ýangyç elementleriniň çyzgysyny taýýarlaýan we olary öndürýän döwlet eýeçiligindäki holding toparynyň bir düzümidir.