«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara gatnaşdylar. Seminar Tbilisi şäherinde geçirildi.
Türkmenistanyň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä gatnaşdylar. Gatnaşanlar Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmagyň geljegini, sanly ulgam merkezini döretmek mümkinçiligini we her ýurtda synag taslamalaryny gözden geçirdiler.
Hususan-da, gatnaşyjylar ygtybarly dolandyryş we howpsuz maglumat alyş-çalşygy ýaly strategiki ugurlary sanly üýtgetmek üçin ideýalary öňe sürdüler.
Bu seminara Transhazar ulag geçelgesiniň assosiasiýasynyň, sanly ulgamynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralaryň wekilleri we degişli pudaklaryň bilermenleri gatnaşdylar.