Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň iş duşuşygy çarşenbe güni Parižde «iş nahary» görnüşinde geçirildi.
«Iş naharyna» türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň diplomatlary we Döwlet haryt we çig mal biržasynyň hünärmenleri gatnaşdy. Duşuşykda fransuz kompaniýalarynyň wekilleri-de bardy.
Çärä gatnaşanlar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Pariždäki ilçisi Maksat Çaryýew fransuz işewürlerine daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin döredilen amatly şertler barada gürrüň berdi we fransuz telekeçilerine himiýa, gaz we nebit-himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly beýleki ugurlarynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy teklip etdi.
Gepleşiklerde Türkmenistanda dokma we gaýtadan işleýän pudaklarda we agrosenagat toplumynda fransuz şereketleri bilen bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Fransuz telekeçilerine Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiligi, şol sanda Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, Fransiýa bilen Türkmenistanyň, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda ulanyp boljak demir we awtomobil ýollarynyň ösýän ulgamy barada maglumat berildi.
Bu işewür duşuşyk we gepleşikler Türkmenistanyň energetika pudagyna (TEIF 2024) daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Halkara forumyň öňüsyrasynda bolup geçendigi sebäpli, aýratyn ähmiýete eýedir.