«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody deňiz agentligi pudagynda dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýär. «Balkan» zawodynyň dolandyryş topary deňiz ulagy pudagynda müşderileriň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga çalyşýar.
Gämileriň deňiz agentligi gäminiň ýa-da ýüküň eýesine ýa-da kärendeçisine, ýük alyja, ätiýaçlandyryja, belli bir portdaky ýük kärendeçisine agent-kompaniýa tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar toplumydyr. Ulag kompaniýasy, ätiýaçlandyryş kompaniýasy, port hyzmatlaryny we şuňa meňzeş ýerine ýetirmekde ýöriteleşýän kompaniýa agent-kompaniýa hökmünde çykyş edip biler.
Deňiz gämilerine agentlik etmek boýunça hyzmatlaryň sanawyna tirkege almak, gämini abatlamak we şaýyny tutmak, ýükleme we düşürme amallaryny guramak, portda gämiçilere hyzmat etmek we başga-da köp zat girýär.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody müşderilere gämilerdäki abatlaýyş işlerinden başlap, olary gury gämi duralgasyna ýerleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki hyzmat etmek, şeýle hem täze gämileri gurmak boýunça ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge taýýar.