2024-nji ýylyň 3-nji martynda Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna baryp gördi.
Saparyň dowamynda myhmanlar Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi bolup hyzmat edýän port terminallarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Owgan wekiliýetiniň agzalaryna «gümrük düzgüniniň» üstaşyr daşalýan ýükler üçin peýdasy barada gürrüň berildi. «Gümrük düzgünine» laýyklykda, 3 ýyla çenli gümrük paçlary tölenmezden, üçünji taraplara harytlary eksport etmek üçin döredilýän mümkinçilik ara alnyp, jikme-jik maslahatlaşyldy.
Myhmanlary, aýratyn-da eksport gök önümlerini we kişdeleri terminal ammarynda sowadyjy gaplarda saklamak mümkinçiligi we şertleri gyzyklandyrdy. Saparyň dowamynda myhmanlar, şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň tehniki enjamlarydyr mümkinçilikleri we abatlanýan gämilerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Porta sapar tamamlanandan soň, owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň deňiz ulagy infrastrukturasyny ösdürmek boýunça edilen işlere ýokary baha berdi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Lajwerd (Lapis-Lazuli) geçelgesiniň, ýagny Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Türkmenistan we Owganystan arasyndaky üstaşyr ýol taslamasy bolan geçelgäniň möhüm halkasydyr. Owganystan üçin bu Ýewropa bilen söwda etmegiň iň gysga, iň arzan we iň ygtybarly ýoludyr.
Türkmen-owgan ulag hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Lapis-Lazuli geçelgesiniň-de işjeňleşdirilmegi 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda bolup geçen türkmen-owgan gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşylypdy.