Ï Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

view-icon 4434
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

Ýurdumyzda bu ajaýyp bahar baýramy halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda, mährem enelere bolan hormaty özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda bu baýramçylyk aýratyn mana eýe bolýar.

Magtymguly, Mollanepes we beýleki köp sanly türkmen nusgawy şahyrlarynyň şygyrlarynda gelin-gyzlara söýgi hem-de belent sarpa beýan edilýär. Ene ýüregi, ene dogasynyň gudratly güýji hakynda döredilen we nesilden-nesle geçip gelýän tymsallar bolsa türkmen halkynyň enelere keramatly ynsan hökmünde hormat goýýandygyny, mertebesini belentde tutýandygyny görkezýär. Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda haly dokamak, keçe basmak, keşdeçilik sungatyny dowam etdirip gelipdirler. Olarda zenanlarymyza mahsus çeperçilik öz beýanyny tapýar.

Türkmen zenanynyň hoşniýetlilik we sadalyk, wepalylyk, paýhaslylyk ýaly häsiýetleri hemişe sarpalanyp, hormatlanyp gelnipdir. Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Watanymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Öz gezeginde, gender deňligine ýetmekde gazanylan üstünlikler döwletimizi demokratiýalaşdyrmagyň yzygiderli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär we ynsanperwerlik, deňlik ýörelgelerine ygrarly sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen jemgyýetiň döremegi üçin wajyp şertleriň biri hasaplanýar.

Zenanlarymyzyň durmuşynda milli däp-dessurlar hem-de häzirki zaman dünýäsinde zerur bolan giň dünýägaraýyş, tutanýerlilik, işewürlik başlangyçlary sazlaşykly utgaşýar. Müňlerçe ýyl bäri halk tarapyndan toplanan paýhas jemgyýetiň häzirki ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu günki gün türkmen zenanlarynyň ruhy, zehin we ahlak mümkinçilikleri jemgyýetçilik durmuşynyň meselelerini çözmekde, milli gymmatlyklary gorap saklamakda, sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy döwrümiziň binýadyny berkitmäge işjeň goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz döwletimiziň we jemgyýetiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýärler. Olar Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine mynasyp goşant goşýarlar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli zenanlaryna — edara-kärhanalaryň işgärlerine, enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak dabarasy boldy. Olara täze, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

...Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertine Diýarymyzyň dürli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Şeýle hem baýramçylyk konsertine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri çagyryldy.

Halkara zenanlar güni sungat arkaly zenanlara hormat-sarpany beýan etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Maşgala ojagynyň eýeleri şu gün ýurdumyzyň sungat ussatlaryny hem ruhlandyrdy. Olar baýramçylyk sahnasynda gelin-gyzlara öz döreden eserlerini sowgat etdiler.

Ajaýyp baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň, birleşen döredijilik-tans we hor toparlarynyň, şol sanda «Güneş» çagalar horunyň, «Şowhun» çagalar tans toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda goýlan aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda parahatçylygyň, abadançylygyň ýurdy bolan Garaşsyz Watanymyza buýsanç beýan edildi.

Şowhun bilen badalga alan baýramçylyk konserti meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda ýurdumyzyň mährem zenanlaryna, enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza tüýs ýürekden joşgunly gutlaglar beýan edildi. Sahnada zenanlaryň hoşniýetliligini we sadalygyny, asyllylygyny, paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, enelik söýgüsini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy. Mukamlar köşgüniň ajaýyp sahnasynda meşhur sungat ussatlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomaşaçylara milli we daşary ýurt nusgawy aýdym-saz eserleriniň çemenini bagyşladylar. Ýaş aýdymçylar we «Mukam» skripkaçylar topary «Jana-jan enem» atly liriki eser arkaly öz zehinlerini görkezip, enelerimize mähirli duýgularyny beýan etdiler.

Ýerine ýetirilen çykyşlarda geçmiş bilen geljegiň, däp-dessurlar bilen döwrebaplygyň arabaglanyşygy aýdyňlygy bilen şöhlelendirildi. Türkmen sungatynda ylham çeşmesine öwrülen zenanyň keşbi hemişe esasy üns merkezinde boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Gadymy döwürlerden bäri Gündogaryň ýazyjy-şahyrlary, sazandalar, suratkeşler gelin-gyzlaryň gözelligini Güne we Aýa, ajaýyp gülleriň näzikligine deňäpdirler, olaryň jadylaýjy bakyşlaryny wasp edipdirler. Bu duýgular nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Boýlaryňa» atly aýdymda ýokary derejede beýan edildi. Sahnada zenan gözelligini wasp edýän «Ýazgül», «Gel ýanyma», «Ýeke goýma», «Diňle», «Goýberme meni» ýaly aýdymlar hem ýaňlandy. Türkmenistanyň Döwlet tans ansamblynyň, «Serpaý» folklor toparynyň we «Näzli», «Galkynyş», «Aşgabat», «Meňli», «Altyn miras», «Laçyn» tans toparlarynyň çykyşlary konserte aýratyn bezeg berdi. Olar tansyň üsti bilen zenanlara bolan mähribanlygy, hormat-sarpany beýan etdiler. Ähli çykyşlar wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

«Miras» folklor toparynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen utgaşdy. Munuň özi Watanymyzyň sahawatly topragyny ýyladýan bahar paslynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanyna öwrüldi. Küştdepdi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen, halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy tejribesini özünde jemleýän halk döredijiliginiň ajaýyp nusgasydyr.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde «Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar» atly ajaýyp aýdym konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlary, Garaşsyz Watanymyza buýsanç, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler wasp edildi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň esasy sahnalarynda, konsert zallarynda geçirilýär. Hemme ýerde mähriban zenanlarymyza parahatçylyk, şatlyk, abadançylyk baradaky arzuwlar belentden ýaňlanýar.