Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen ýazyjysy https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/35724/seiitniyaz-ataev:-po-stranitsam-sudby -voennogo-razvedchika-i- pisatelya Seýitnyýaz Ataýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Halkara-syýasatçy publisist, jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, hormatly il ýaşulusy Seýitnyýaz Ataýew türkmen esgerleriniň gahrymançylygyny we edermenligini wasp edýän bahasyna ýetip bolmajak edebi miras galdyrdy. Onuň eserleri edebiýat boýunça mekdep okuw kitaplaryna girizildi, ýazyjy hakda ençeme makalalar ýazyldy we mekdep okuwçylary-da, ulularam onuň hekaýalaryny uly höwes bilen okaýarlar.
Bu gün görnükli ýazyjynyň ýagty ýadygärligini hatyralamaga tanymal medeniýet işgärleri, žurnalistler, onuň dogan-garyndaşlary we nebereleri ýygnandylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Seýitnyýaz Ataýewiň türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşandyny, eserleriniň ähmiýetini bellediler. Onuň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleriniň taýýarlan we neşir eden «Ummanda kürekli, durmuşa ýürekli ýazyjy» atly täze biografiki ýygyndysy bilen tanyşdyrylyş dabarasy ýazyjynyň eserlerine aýawly garaýşyň subutnamasy boldy.
Ikinji jahan urşunyň weterany, Gyzyl baýdak, Aleksandr Newskiý we beýleki ordenleriň eýesi Seýitnyýaz Ataýew hakyky ýagdaýlara esaslanýan hekaýalary we powestleri ýazdy.
– Ol Watanyndan alysda, urşuň jümmüşinde bolanda-da Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny ýanyndan goýmandy. Magtymguly Pyragynyň goşgulary oňa ahlak we ruhy taýdan goldaw berdi. Ol işdeşlerine beýik şahyryň goşgularyny okap bererdi. Söweşde bir gezek bu kitap ony duşman okundan gorap, janyny halas etdi. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ok degen ýygyndysynyň seýrek nusgasy Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde saklanýar – diýip, ýazyjynyň gyzy Jennet Karanowa gürrüň berýär.
Seýitnyýaz Ataýew rus-türkmen, türkmen-rus sözlükleriniň ýygyndysyny düzmäge gatnaşdy we «Rus diliniň durnukly sözlemlerini türkmen diline terjime etmegiň usullary» atly ylmy eseri neşir etdi. Türkmen okyjylary onuň terjimesinde rus we dünýä edebiýatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Lew Tolstoýyň «Direliş» romanyny, Iwan Turgenewiň powestlerini, Ernest Hemingueýiň, Erskin Kolduelliň, Hindistanyň we Günorta Afrikanyň ýazyjylarynyň hekaýalaryny terjime etdi.
Seýitnyýaz Ataýewiň ogly Baýram Ataýew:
– Kakam uruşdan soň atçylyk orta hünär mekdebiniň direktory wezipesine bellenensoň terjime işine girişdi. Okuwa gelen oba oglanlary rus dilini bilmeýärdiler. Onsoň kakam olar üçin okuwyň weterinariýa bölümini türkmen diline geçirdi. Soňra respublikan radiokomitetinde we gazetiň redaksiýasynda edebi terjimeçi bolup işledi – diýip, gürrüň berdi.
Bu şanly sene mynasybetli Seýitnyýaz Ataýewiň «Maýagözel», «Kasam», «Gazap», «Göreş», «Kerwen geçer», «Hindistana syýahat» kitaplary kitaphananyň eýwanyny bezedi. Çäräniň myhmanlary sergä gyzyklanma bilen syn etdiler we okan eserlerinden alan täsirleri barada pikirlerini aýtdylar.