Ï «Galkanyň» hokkeýçileri Omanyň toparyny uly hasap bilen ýeňdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkanyň» hokkeýçileri Omanyň toparyny uly hasap bilen ýeňdiler

view-icon 2120
«Galkanyň» hokkeýçileri Omanyň toparyny uly hasap bilen ýeňdiler
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri şu gün Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşynda ikinji uly ýeňşini gazandylar. Bahreýniň topary bilen ilkinji oýunda 8:1 hasabynda ýeňişden soň Andreý Makarowyň we Meýlis Kulyýewiň şägirtleri Omanyň «Oman Nationals» toparyny 15:1 hasabynda utdular.

Eýýäm oýnuň 1-nji minudynda Döwlet Hydyrowyň uzak aralykdan uran urgusy bilen hasap açyldy. Şondan bir minut geçenden soň Gurbanmyrat Taňňyýew artykmaçlygy ikä ýetirdi. Duşuşygyň 8-nji minudynda Arslan Geldimyradow üçünji şaýbany tora saldy. Birinji döwrüň soňky minudynda Baýmyrat Baýmyradow ýene gol geçirdi we toparlar 4:0 hasabynda «Galkanyň» haýryna arakesmä çykdylar.

Ikinji 20 minutda Begenç Döwletmyradow derwezeban bilen ýeke-ýekä çykyp hasaby 5:0-a ýetirdi.

Myhmanlar jemleýji döwür başlandan bir şaýba geçirdiler. Toparymyzyň goragçylary Ybraýym Said Hamed Al Gabşini gözden saldylar welin, ol ýakyn aralykdan şaýbany tora salyp hasaby – 5:1 etdi.

Şondan soň oýnuň galan 18 minudynda Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony garşydaşlarynyň derwezesine on şaýba salyp, 15:1 hasabynda ýeňşi bilen şu ýaryşda rekord netije görkezdi. Nowruz Baýhanowyň derwezeban bilen ýekeme-ýeke çykyp salan şaýbasy has owadan boldy. Üçünji döwürde Erkin Kakabaýew, Pawel Barkowskiý we Nowruz Baýhanow dagy iki şaýba geçirdiler, Perhat Atekaýew, Döwrangeldi Baýjaýew, Muhammetýar Nuryýew we Öwezguly Esenow hem tapawutlandylar.

Şu ýeňişden soň «Galkanyň» hokkeýçileri 6 utuk toplap, «A» toparçada öňe çykdy.

Gyşky sport toplumynyň kiçi buz meýdançasynda geçirilen «B» toparçanyň beýleki bir oýnunda Belarusyň «Wolat» topary «Team-Turkiýe» türk toparyny 3:0 (1:0, 0:0, 2:0) hasabynda utdy. Ýeňijilerden Swýatoslaw Zasadskiý 8-nji, Eduard Gryn 44-nji we Arseniý Ýankowskiý 60-njy minutlarda tapawutlandylar.

Ýaryş dowam edýär.