Ï «Gündogar – inçe mesele ...»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gündogar – inçe mesele ...»

view-icon 3586
«Gündogar – inçe mesele ...»
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şeýle atlandyrylan konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçirildi. Sahnada konserwatoriýanyň estrada orkestriniň sazandarlyk etmeginde estrada sungaty bölüminiň talyplary Maýsa Mämmetjumaýewanyň ýolbaşçylygynda aýdym-sazda öz başarnyklaryny görkezdiler.

Konsert Amantagan Baýjanowyň ýerine ýetiren «Bilmen» diýen halk aýdymy bilen açyldy. Başlangyç estrada aýdymçysynyň aýdymyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň horeografiýa sungaty bölüminiň tans topary ajaýyp tansy ýerine ýetirdiler.

Halmyrat Begenjowyň we Atamyrat Baratowyň «Sazly çaýhana» aýdymy diýseň täsirli boldy. Sazandalar özbek saz guraly bolan kernaý bilen ilkinji gezek sahna çykdylar.

Guralyň özüne çekiji görnüşi we owazy, Faruh Zakirowyň aýdýan aýdymlaryndan ýaňlanan ajaýyp mukam we talyplaryň ýerine ýetiriş ussatlygy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şol bir wagtyň özünde-de konsertiň şeýle atlandyrylmagynyň sebäbi düşnükli boldy. Bu Gündogar halklarynyň meşhur aýdymlarynyň ýerine ýetirilmesidir.

Pikirimizi tassyklaýan ýaly, konsert Selim Geldimuradowyň ýerine ýetiren «Sary gälin» atly azerbaýjan halk aýdymy bilen dowam etdi. Konsertde Isgender Nurmuhammedow, Sahy Allaýarow, Humaý Kakaýewa, Leýli Mämmedowa, Täzegül Baýramowa dagy hem çykyş etdiler.

Tomaşaçylaryň Sahy Allaýarowyň üç aýdymy ýerine ýetirişini şatlyk bilen kabul edendigi bellärliklidir. Aýdymçylar «Dünýä dursun parahat» aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmek bilen konserti tamamladylar.

Estrada sungaty bölüminiň müdiri, çeper ýolbaşçy we estrada orkestriniň dirižýory, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi Maýsa Mämmetjumaýewa konserte gatnaşyjylaryň hemmesine we tomaşaçylara hoşallygyny bildirdi. 

Talyplar dürli milli sazlar, ýerine ýetiriş ussatlyklary, etnografiki geýimleri we gündogar halklarynyň tans aýratynlyklary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.