Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy» atly medeni çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýazyjynyň türkmen edebiýatynyň ösüşine goşandyny bellediler, onuň taryha, milli mirasa we Türkmenistanda bolup geçen özgerişlere bagyşlanan eserleri, şeýle hem «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysynyň» ömür we döredijilik ýoly baradaky köpsanly işler we neşirler barada gürrüň etdiler.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy we akademigi, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, SSSR Döwlet baýragynyň we Türkmenistanyň Magtymguly baýragynyň eýesi Berdi Myradowiç Kerbabaýew türkmen edebiýatynyň iň tanymal hem köp at gazanan wekilleriniň biridir. Onuň döredijiligi «ýokary uslyply» edebiýata degişlidir, bu uslybyň aýratynlygy bolsa uly edebi görnüşleriň (roman, powest, poema) agdyklyk etmegi we gahrymanlaryň ykballaryna giň gerimli taryhy edermenlikler nukdaýnazaryndan garamaga ymtylyşdyr.
Türkmen halkynyň geçmişini, däp-dessuryny we medeniýetini, röwşen geljege ymtylyşyny öz içine alýan ensiklopediýa ýaly «Aýgytly ädim» romany bu ymtylyşyň häsiýetli nusgasyna öwrüldi. Bu eser režissýor Alty Garlyýewiň «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşüren iň üstünlikli filmlerinden biri bolan iki bölümden ybarat adybir çeper filmiň edebi esasy boldy.
Berdi Kerbabaýew türkmen şygryýetinde we dramaturgiýasynda parlak yz goýup gitdi. Onuň şahyryň durmuş ýolunyň iň ähmiýetli döwürleri baradaky terjimehala esaslanýan taryhy «Magtymguly» dramasy beýik türkmen watanperweri we akyldary barada eser döretmekde beýleki döredijilik adamlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.
Berdi Kerbabaýewiň Türkmenistanyň durmuşynyň dürli jähetlerini beýan edýän oba durmuşy baradaky «Aýsoltan» powesti, türkmen nebitçileriniň zähmeti baradaky «Nebitdag» romany, Garagum derýasynyň gurluşygynyň ägirt uly taslamasy baradaky «Suw damjasy -- altyn dänesi» romany, köpsanly hekaýalary we oçerkleri bilen Türkmenistanyň çäginden daşardaky okyjy köpçüligi-de tanyşdyr. Ýazyjy, şeýle hem 40-dan gowrak kitaby ene dilimize terjime etmek bilen, türkmen okyjylaryny A.S.Puşkiniň, L.N.Tolstoýyň, I.A.Krylowyň, M.Gorkiniň, M.A.Şolohowyň we beýleki tanymal ýazyjylaryň eserleri bilen tanyşdyrmakda köp iş bitirdi.