22-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi badalga alar. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan bilelikde guralýar.
Guramaçylyk toparynda habar berilişi ýaly, halkara bäsleşiginde Türkmenistandan hem-de gatnaşyjy ýurtlardan talyplaryň 250-si çykyş ederler. Bäsleşik türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň hem-de 9 ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň wekillerini bir ýere jemlär.
Guramaçylar eýýäm, 21-nji maýda türkmen paýtagtyna gelip başlajak daşary ýurtly myhmanlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bäsleşige gatnaşjaklaryň kabul edilmegini, çäräniň açylyşyny we geçirilmegini ýokary derejede guramagy üpjün etmek boýunça işler depginli alnyp barylýar.
Bäsleşik aýratynlykdaky we toparlaýyn görnüşlerinde geçiriler. Birinji tapgyrda test geçirilip, ol sebit we halkara gatnaşyklaryna, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, taryhy-medeni hem-de beýleki wajyp ugurlara degişli meselelerden ybarat bolar.
Aýratynlykdaky tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklary öwrenmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynda dünýädäki ýagdaýlary öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda oňaýly çözgütleri kabul etmekde matematikany hem-de matematiki modelirlemäni ulanmak ýaly ugurlar boýunça ýumuşlar berler.
Toparlaýyn tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar halkara gatnaşyklarynda matematiki usulyýetleri peýdalanmak, matematiki modelirleme, ekonometrika, logistika hem-de beýleki ugurlar boýunça ýumuşlara hötde gelmeli bolarlar.
Şeýle hem talyplar üçin tematiki breýn-ring geçiriler. Şonuň netijeleri boýunça eminler tarapyndan işjeň gatnaşyjylar, iň oňat çekişmeler, toparlar kesgitlener, şeýle hem bäsleşikleriň dowamynda netijeli pikirler we teklipler öňe sürler. «Akyl-paýhas» çäresiniň esasy maksady halkara we sebit gün-tertibiniň möhüm meselelerine seljerme bermegiň netijesinde halkara subýektleriň hem-de olaryň görnüşleriniň arasyndaky dialogyň we hyzmatdaşlygyň has oňaýly usulyýetlerini hödürlemekden ybaratdyr.
Halkara bäsleşiginiň ýeňijileri medallar we diplomlar, şeýle hem Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 63-nji plenar maslahatynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bir agyzdan kabul edildi. Parahatçylyk söýüjilik, parahatçylykly gepleşikleriň medeniýeti, döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak ýörelgelerini ýaýratmak maksatlary bu Kararnamanyň esasynda goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda geçiriljek bäsleşik halkara gepleşikleri hem-de ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, medeni diplomatiýany öňe ilerletmekde oňyn netijeleri gazanmak işinde uly ähmiýete eýedir.
Zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmak, ylym, bilim, ýaş hünärmenleri taýýarlamak babatda ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmek, dürli ýurtlaryň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hem bäsleşigiň wezipeleriniň hatarynda durýar.
Paýtagtymyzyň myhmanlary üçin baý medeni-dynç alyş maksatnamasynyň hem taýýarlanylandygyny aýtmak gerek. Şonuň çäklerinde Türkmenistanyň Ýokary diplomatiýa mekdebi bilen tanyşmak, Aşgabat şäheri boýunça gezelenç hem-de beýleki çäreler göz öňünde tutuldy.