Şu ýyl Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli Aşgabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda başlangyç synp okuwçylarynyň ussat nakgaşyň ogly Mollanepes Hajyýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Tanymal maşgalanyň wekili çagalara kakasynyň nakgaş hökmünde kemala gelşi barada, şeýle hem ol Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň we suratkeşiň beýleki belli suratlarynyň döreýşi barada gürrüň berdi.
Suratkeşiň terjimehalyndan we döredijiliginden gyzykly maglumatlar bilen tanşan okuwçylar Mollanepes Hajyýewden kakasynyň haýsy materiallary halandygyny, onuň ylham çeşmesini we haýsy usullary ulanandygyny soradylar.
Nakgaşyň ogly uly höwes bilen çagalara öz çagalyk döwründe kakasynyň belli suratlary üçin maşgala agzalarynyň, garyndaşlarynyň, goňşularynyň we tanyşlarynyň naturaçy hökmünde çykyş edendigini gürrüň berdi. Käte suratkeş çekjek keşbini takyk suratlandyrmak üçin özüni şol keşpde surata düşürmegi hem haýyş ederdi.
Suratkeşiň şahsyýetini suratlar arkaly beýan etmek üçin duşuşygyň guramaçysy, başlangyç synp mugallymy Swetlana Mokrousowa ussady işläp duran wagty şekillendirýän fotosuratlar we onuň suratlary ýerleşdiren diwarça taýýarlapdyr.
– Biz ilkinji gezek şeýle döredijilik duşuşygyny geçirdik, oňa diňe bir çagalar däl, eýsem, ene-atalary hem gatnaşdylar. Esasy maksadymyz ösüp gelýän ýaş nesle halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy – nusgawy şahyryň we beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän ýylda aýratyn ähmiýete eýe bolan Magtymguly Pyragynyň şygryýeti, şeýle hem beýik şahyryň keşbini döreden nakgaş Aýhan Hajyýewiň şahsyýeti bilen tanyşdyrmakdyr – diýip Swetlana Wiktorowna gürrüň berdi.