Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döreden işleriniň sergisi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasyna gelen hormatly myhmanlaryň arasyndan Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa ýaşlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, ýygnananlara sowgat hökmünde özüniň bir goşgusyny okap berdi.
Sergä gelenleri sergi zalynyň ikinji gatyny eýeläp duran 400-e golaý eksponat garşy aldy. Suratkeşler, sungat öwrenijiler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler ýaş suratkeşleriň döredijiligi bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň milli we daşary ýurt nusgawy eserlerini ýerine ýetirýän kirişli saz gurallary orkestriniň sazy astynda tanyşmaga başladylar. Sergi hiç kimi biperwaý goýmady, ol diňe bir geriminiň giňligi bilen däl, eýsem, çagalaryň zehini bilen-de geň galdyrýardy.
Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 1958-nji ýylda Aşgabatda açyldy. Şol wagt onda diňe surat bölümi bolup, 11 okuwçy okaýardy. 12 ýyldan soň mekdebe Bäşim Nuralynyň ady dakyldy.
Häzirki wagtda bu ýerde suratçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärlik we halyçylyk bölümlerinde 300-den gowrak zehinli çagalar bilim alýar. Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri Öwezgeldi Daňatarowiç Ýazmyradow öz çykyşynda şeýle diýdi:
‒ Tanymal türkmen suratkeşleriniň sergileri geçirilýän merkezde öz döreden işlerimizi sergilemek biziň mekdebimiziň okuwçylary üçin uly hormat. Çagalar bu waka tutuş okuw ýylynyň dowamynda taýýarlyk gördüler. Mugallymlar okuwçylarynyň iň gowy işlerini saýlap aldylar. Milli däp-dessurly, özboluşlylyk, islendik ýerine ýetiriş usuly we çäklendirilmedik mowzuk makullanýardy. Sergide çagalaryň şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleri boýunça, gürrüňsiz buýsanyp boljak işleri goýuldy.
Sergä gelenler Sofiýa Mämmetseýidowanyň natýurmortlarynyň, Begenç Saparowyň we Leýli Arslanowanyň zergärçilik önümleriniň, Ybraýym Meredowyň we Rahym Begenjowyň kiçi heýkelleriniň, Maýsa Gurbanowanyň gobelenleriniň we birnäçe beýleki işleriň ýanynda uzak wagtlap saklanyp durýardylar.
Alypälwan Hudaýberenow tanymal medeniýet işgärleriniň portretleri bilen geň galdyrdy. Portretleriň hakyky adamlara jedelsiz meňzeşligi haýran galdyryjydy. Meşhur adamlaryň bu galereýasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň portreti aýrybaşga geň galdyrýardy.
‒ Men portret çekmäge mekdep ýyllarynda başladym ‒ diýip, Alypälwan gürrüň berýär. ‒ Meniň ilkinji mugallymlarym enem-atam we agam boldy. Maňa suratkeşler maşgalasynda dogulmak bagty miýesser etdi. Meniň arzuwym suratlarym diňe bir daşky meňzeşligi däl, eýsem, adamyň içki dünýäsini-de beýan edýän Durdy Baýramow ýaly portretçi bolmak.
Sergä Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň geçen ýyllardaky köp uçurymynyň gelendigini-de bellemelidiris. Olar üçin sergide goýlan suratlar bilen tanyşlyk synpdaşlary we mugallymlary bilen ýakymly duşuşyklar bilen bir hatarda bolup geçýärdi. Çeperçilik mekdebine ömrüniň 49 ýylyny bagyş eden ýaşuly mugallym Lýudmila Pawlowna Ulakinanyň daşyny has köp uçurym gurşap alypdy. Şular ýaly duşuşygyň her biri ýadygärlik üçin toparlaýyn surata düşmek bilen tamamlanýardy.
Sergidäki suratlar bilen tanyşlyk ýurdumyzyň ukyplaryny ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikler bilen üpjün edilen döredijilikli ýaşlaryna buýsanç döredýärdi.