Türkmenistanyň wekiliýeti 2–8-nji iýun aralygynda Kazan şäherinde köptaraply halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirilen «Tehnikada we tehnologiýalarda matematiki usullar» atly XXXVII halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.
Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasy, Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersiteti, Kazan milli tehnologik barlaglar uniwersiteti bu çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Halkara ylmy-amaly maslahat Russiýanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy we taslama guramalarynyň, ugurdaş kompaniýalarynyň, pudaklaýyn kärhanalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Halkara ylmy-amaly maslahata Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebitgaz geçirijileriň we ammarlaryň taslamasyny düzmek, gurluşyk we ulanmaga bermek kafedrasynyň mugallymy Gadam Garaýew, nebitli we gazly känleri işläp taýýarlamak we ulanyşa tabşyrmak boýunça hünär ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ilýa Lurýew hem-de nebitgaz senagatynda logistika boýunça hünär ugrunyň 1-nji ýyl talyby Muhammet Rahmanow Türkmenistana wekilçilik etdiler.
Maslahatyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri tematiki tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler, duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge gönükdirilen ylmy taslamalar, işläp taýýarlamalar we barlaglar bilen tanyşdyrdylar. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler, şeýle hem öz ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan köptaraply işleri we ýurduň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler.
Bu uniwersitetiň talyby Ilýa Lurýew tarapyndan taýýarlanylan «Suw emele gelýän gazly guýularyň ulanylyş tertibiniň modelirlenmegi» atly çykyşy maslahata gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.
Umuman, maslahat oňa gatnaşyjylara bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga, hünärmenlere gymmatly hünär tejribelerini we bilimlerini paýlaşmaga, başarnykly we täze pikirleri alyşmaga mümkinçilik berdi, şeýle hem ylmy gatnaşyklary ösdürmäge hem-de ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etdi.