Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan ýola goýlan maslahatda häzirki döwürde bilim migrasiýasynyň ähmiýetini we onuň ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahata Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.
HMG-niň halkara geňeşçisi maslahata gatnaşanlara bilim migrasiýasynyň özeni, sebäpleri we hereketlendiriji güýçleri barada dürli ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň sazlaşyklylygy, bilim migrasiýasynyň dinamikasy we ugurlary, daşary ýurtly ökde talyplary çekmek we saklamak, talyp hereketliligini we halkara hyzmatdaşlygy ösdürýän iň oňat halkara tejribeleri boýunça milli syýasatlar barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, adamlar migrasiýa we bilim saýasynda öz sowadyny, başarnyklaryny we ygtyýarlylygyny ösdürip, şeýle hem gitmäge niýetlän ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşup bilerler.
Toparlaýyn çekişmeleriň dowamynda talyp ýaşlar, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýeke-täk bilim giňişligine, bilim baradaky diplomlaryň ykrar edilmegine, resmi däl we resmi okuwlar çäginde alnan başarnykdyr endikleriň tassyklanmagyna, bilim alyşmak we «bilimiň gaýyp bolmagyndan» goramak çäreleri bilen baglanyşykly mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary ýurtlarda ýokary hilli bilim almak mümkinçiligini gowulandyrmak we jemgyýetiň «bilimiň gaýyp bolmagyndan» gorag çäresi hökmünde, asyl ýurduna gaýdyp gelenden soň, ýokary tölegli iş bilen üpjünçilik kepilligi bilen baglanyşykly meselelere-de köp üns berildi. Maslahata gatnaşanlar daşary ýurtda ýaşaýan işdeşlerinden ökde hünärmenleriň öz Watanyna dolanmagyna höwes döretmek üçin işjeň strategiýalaryň möhümdigini bellediler.
Toparlarda geçirilen iş netijesinde talyplar birnäçe innowasion teklibi, şol sanda iş beriji tarapyndan maliýeleşdirilýän bilim migrasiýasynyň (muňa hünär bilimi we okuw, gyzyklanýan kompaniýalar üçin salgyt ýeňilligi arkaly hususy pudagy hökümet talyp tölegi maksatnamalaryny maliýeleşdirmäge höweslendirmek ýaly çäreler-de girýär) kömegi bilen zähmet bazaryndaky islegdir teklibi ylalaşdyrmak boýunça teklipleri-de öňe sürdüler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bilim migrasiýasynyň durmuş we ykdysady özgerişleri tizleşdirmek hökmünde zehinleri çekmek, bilim paýlaşmagy höweslendirmek we ykdysadyýeti dürlüleşdirmek üçin döredýän köp sanly mümkinçiliklerini bellediler.