Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasyna (FAO), şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň dürli ylmy-barlag merkezlerine wekilçilik edýän oba hojalygynyň alymlar topary Türkmenistana geldi.
Taslama gurluşynyň işi azyk we oba hojalygynda ýöriteleşen FAO-nyň we Türkiýäniň hökümet hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň ylmy, amaly, tehniki we maliýe kömegine esaslanýar. Hünärmenleriň häzirki ylmy we amaly okuwlar tapgyry posuň öňüni alyş we karantin çärelerine, şol sanda keseliň täze görnüşini – bugdaý posuny ýüze çykarmak we ýok etmek usullaryny öwretmeklige bagyşlanýar. Gürrüň 1999-njy ýylda Uganda ýüze çykan we şonuň üçin «Ug-99» diýlip atlandyrylýan bu keseliň has ýokary wirusly görnüşi barada gidýär, şondan bäri howa arkaly we haýwanlardan geçýän bu kesel bütin dünýäde çalt ýaýraýar. Keseliň Afrika görnüşi (ýa-da ugry) Türkmenistanyň çäginde ýüze çykmady.
Hünärmenler bugdaý posuna garşy Çarçuwaly meýilnamanyň taslamasyny we Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaý meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdiler. FAO-nyň bilermeni Mahbubžon Rahmatowyň aýtmagyna görä, resminama ýaýraşyna gözegçilik etmegi, galla ekilen meýdanlaryny giňişleýin öz wagtynda işläp bejermegi öz içine alýar.
Tematiki maslahat, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda bugdaý posunyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek üçin milli strategiýany hem-de meýilnamany işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Ýigrimi çykyşyň arasynda Türkmenistanyň oba hojalygy pudaklaýyn edarasynyň düzümine girýän oba hojalygy we gallaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleriniň habarlary bar.
Bir hepdelik dowam eden saparyň çäklerinde wekiliýet Aşgabadyň obasenagat toplumynyň binasynda pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň we oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň we FAO-nyň Aşgabatdaky ugurdaş düzümleriniň hünärmenleri hem-de ylmy işgärleri bilen duşuşyklar geçirdi. Türkmenistanyň FAO-nyň goldamagynda sebit maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagy, şol sanda galla ekinlerini goramak, ýurduň Hökümetiniň gol çeken 2021–2025-nji ýyllar aralygynda BMG-niň bu gurluşy bilen hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.