Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň çeperçilik bölümi Türkmenistanyň halk artisti, saz öwreniji-etnograf W.A.Uspenskiniň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan çäre gurady.
Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý Merkezi Aziýanyň saz däplerini toplamagyň we öwrenmegiň esasyny goýujylaryň biri hökmünde tanalýar.
Geçen ýüzýyllygyň ýigriminji ýyllarynda ol Türkmenistanyň dürli künjeklerine saz-etnografik ekspedisiýalarynyň üçüsini amala aşyrdy. Şolaryň dowamynda meşhur bagşylar bilen duşuşdy, türkmen halkynyň saz sungaty barada köp dürli maglumatlary toplady, 350-den gowrak halk sazlaryny hem-de saz gurallary mukamlaryny nota geçirdi. Şolaryň esasy bölegi W.A.Uspenskiniň W.Belýaýew bilen bilelikde neşir eden «Türkmen sazy» atly monografiýasyna girdi. Şondan bäri saz mekdepleriň we konserwatoriýalaryň talyplary üçin ýankitaba öwrülen bu iş türkmenleriň halk saz döredijilik sungatynyň baýlygyny bütin dünýä tanyşdyrdy.
W.A.Uspenskiniň zähmet çeken etno-saz öwreniş ylmy we döredijilik häsiýetli işlerine döwletler tarapyndan mynasyp baha berildi hem-de ebedileşdirildi. Ol Türkmenistan SSR-niň we Özbegistan SSR-niň halk artisti diýen atlaryna mynasyp boldy, Daşkentdäki Respublikan saz mekdebine hem-de Aşgabatdaky köçeleriň birine onuň ady dakyldy.
Režissýor Alty Garlyýewiň 1973-nji ýylda surata düşüren «Mukamyň syry» filminden bölekleriň görkezilmegi, şeýle hem bölümiň kitaphanaçylarynyň ol barada beren gürrüňleri çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. W.A.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň meşhur «Türkmen sazy» kitaby onýyllyklardan soň, Aşgabatda owadan iki tomluk görnüşinde täzeden neşir edildi.