Ï «Altyn asyr» futbol topary «Şagadam» toparyny utup, Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky çempionatynda ikinji orny eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» futbol topary «Şagadam» toparyny utup, Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky çempionatynda ikinji orny eýeledi

view-icon 2509
«Altyn asyr» futbol topary «Şagadam» toparyny utup, Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky çempionatynda ikinji orny eýeledi

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 21-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary «Altyn asyr» toparynyň futbolçylarynyň Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän «Şagadam» toparyny 2:0 hasabynda üstün çykmagy bilen tamamlandy. Duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.

Hasaby 38-nji minutda Mihail Titow açdy. Myrat Annaýew 56-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň üstünligini berkitdi.

Bu ýeňişden soň «Altyn asyr» topary 43 utuk bilen ýaryşyň sanawunda ikinji orny eýeledi. «Ahal» toparynyňam şonça utugy bar, ýöne özara duşuşyklaryň netijelerine laýyklykda üçünji orunda barýar. Milli çempionatda oýnan 19 oýnunda ýeke gezegem utulmadyk «Arkadag» topary birinji orunda barýar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 22-nji tapgyrynda: «Arkadag» – «Ahal», «Şagadam» – «Köpetdag», «Merw» – «Aşgabat», «Altyn asyr» – «Nebitçi» toparlary duşuşarlar.